13 August, 2007

Garagalpagystan türkmenleriniň nakyllary

Gahar akyl duşmany, nebis - iman.
Gahar öňünden geler, akyl - soňundan.
Gaharyn ýuwdan - pälwan.

Gaçanam hudaý diýer - kowanam.
Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde - deňlik.
Gep - mollada, akyl - kellede.
Gepe gitme - köpe git.

"Gowy görýär eken" diýip baryberme, "berýär eken" diýip alyberme.
Goňşyňa garama, oňşugyňa gara.

Gotur elden ýokar, bela - dilden.
Göwün bir süýşe (çüýşe), synsa ýerine gelmez.
Göwni hapa gülki söýmez, tazy ýüwrügiň - tilki.
Göwnünde kiri baryň içinde syry bar.
Gözli körden köňli kör ýaman.

Dili şylpyk il bular, aýagy şylpyk - suw.
Diri bolup sanda ýok, öli bolup - görde.

No comments:

Post a Comment