24 August, 2007

Türkmen nakyllary we atalar sözi

Bu saýlanan nakyllary we atalar sözleri,Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň "Türkmen nakyllary we atalar sözi" atly 1983-nji ýylda Aşgabatda, Ylym neşriýaty tarapyndan çap bolan eserden saýlap aldyk.
*****
Abraý aljak bolsaň, artyk işle.
Agaç miweli bolsa, daş atan tapylar.
Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan.
Agzybire taňry biýr, agzalany gaňrybiýr.
Agzy bilen ak guş alar.
Agzy gyşyk-da bolsa, baý ogly geplesin.
Agzyny aç, dili bolsa gaç.
Agzynda diş ýok, başynda - huş.
Aglamadyk oglana emjek ýok.
Aglamak gör başynda ýagşydyr.
Aglasy gelen oglan atasynyň sakgalyny oýnar.
Aglaşmaga öz ýagşy, sylaşmaga ýat ýagşy.
Agsak keýik müň torsuga ýetdirmez.
Agşamyň haýryndan - ertiriň şeri.
Agyz agyzdan ýel alar.
Agyz agyzdan ýelli, gulak gulakdan eşitgir.
Agyzdan çykan sözi dolanyp alyp bolmaz.
Agyz ýaraşygy diş, göz ýaraşygy gaş.
Adam başy daşdan gaty.
Adam gany ýerde galmaz.
Adamynyň özüne bakma, sözüne bak.

1 comment: