20 September, 2007

Mahmyt Kaşgarynyň “Diwanu-lugat-et-türk” sözlügi

XI asyr dilçisi Mahmyt Kaşgarynyň terjimehalyndan doly maglumat ýok. Ol kitabynyň sözbaşynda özüniň kakasynyň adynyň Husaýyndygyny we Husaýynyň hem Muhammediň ogludygyny belläp geçýär. Kitabynyň jildiniň daç ýüzünde bolsa Mahmut Kaçgary diýlip ýazylýar. Şuňa seredeniňde ol gelip çykyşy boýunça Kaçgar şäherinden bolmaly bolýar. Emma Mahmudyň özi aslynyň Kaçgardandygyny hiç ýerde görkezmeýär. Mahmut Kaçgarynyň “Diwanu-lugat-et-türk” sözlügi 466-njy hijri ýylynda ýazylypdyr. Bu sene milady ýylynyň 1073-1074-nji ýyllaryna gabat gelýär. Mahmut Kaşgary bu sözlügi ýazmagygnyň sebäbini kitabynyň başynda şeýle gürkezýär:
„Men Buhara ymamlaryndan we ýene bir Nişapurly ymamdan ygtybarly söz eşitdim. Olaryň ikisi-de özlerindäki delillere esaslanyp, allanyň resuly, goý oňa allanyň alkyşy we salamy bolsun, adyndan şeýle rowaýat etdiler, gürrüň berdiler: Ol, ýagny pygamber kyýamat şertlerini we ahyr zaman alamatlaryny we oguz türkmenleriniň meýdana çykyşy, olaryň häkimiýeti eýeleýşi we ahyr zaman pitneleri hakynda ýatlanda, gürrüň edende, şeýle diýdi: „Türk dilini öwreniň çünki olaryň mülki, ýagny patyşalygy uzyn, uzak bolar.“ Eger bu gürrüň dogry bolsa-da, dogry bolmasa-da onuň jogapkäri olaryň özüdir, şeýle bolanda ony türk dilini öwrenmek wajyp bolup durýar. Eger ol rowaýat dogry bolmasa ony, ýagny türk dilini öwrenmegi akyl makullaýar. Men olaryň, türkleriň ýurtlaryny, obalaryny gezdim, agtardym, olaryň sözlerini we kapyýalaryny ýygnadym, saýlap, seçip aldym. Bular türk we türkmen-oguz we çigil, ýagma we gyrgyz boýunçadyr.“

R. Rejebow. Gadym türkmen edebiýaty. Aşgabat. 1991, sah. 188-189.


Bu nakyllar http://www.canimablama.com/showthread.php?tid=410 alyndy we häzirki zaman türkmen diline geçirildi.

1. Abçi neçe al bilse, aýyg ança ýol bilir. (1. 63) (1. 33)
Awçy näçe al (hile) bilse, aýy şonça ýol biler.
2. Aç ebek, tok telek. (1. 387)
Aç howlugar, dok haýal bolar (iýer).
3. Açyglyg er şebük karymas. (1. 147)
Barly är (adam) çalt garramaz.
4. Aç ne ýemes, tok ne temes. (1. 79)
Aç näme iýmez, dok näme diýmez.
5. Agylda oglak togsa, arukda oty öner. (1.65)
Agylda owlak dogsa, ýap boyunda oty öner (her kim öz nesibesi bilen dogulýar diýen manyda.)
6. Agyz ýese, Köz uýadur. (1. 55)
Agyz iýer, göz utanar.
7. Alymçy arslan, berimçi syçgan. (1. 75) (1. 409)
Aljagyna arslan, berjegine (borjuna) syçan.
8. Alyn arslan tutar, küjün syçgan (köşgük, oýuk) tutmaz. (III. 412)(II. 289)(1. 81)
Al (hile) bilen arslan tutular, guýç bilen syçan (nazar, pikir) tutulmaz.
9. Alp çerikde, bilge tirikde. (1. 388)
Batyr ýigit goşunda, bilimli meýlisde (özüni tanadar).
10. Alp erig ýawrutma, ykylaç arkasyn ýagrutma. (1. 139)
Ýigidi taşlama, ýürük atyň arkasyn ýara etme.
11. Alplar bilen uruşma, begler bilen turuşma. (1. 182)
Batyr ýigitler bilen uruşma, begler bilen jedelleşme.
12. Alp ýagyda, alçak çoguda. (1. 41)
Batyr ýigit ýagy çozanda (belli), gorkak köp ýerde (belli).

No comments:

Post a Comment