23 December, 2007

Türkmen diliniň käbir ýazuw kadalary:

Dil:
Fonetika (fonemalary /many aňladýan sesleri/ öwrenýän ylym)
Leksikologoýa (sözler we sözlük düzmegi öwrenýän ylym)
Gramatika:
1. morfologiýa (sözleriň ýasalşy, goşulmalar, işlikler, ýöňkemeler, düşümler we ... öwrenýän ylym)
2. sintaksis (sözlemleri we söz düzümleri, olaryň gurluşlaryny öwrenýän ylym)

Türkmen dilinde 30 harp bar. Olaryň 9-y çekimli we 21-si hem çekimsiz harplardyr.
Ýogyn çekimliler: a, o, u, y (4 sany)
Inçe çekimliler: e, ä, i, ö, ü (5 sany)

Sözüň birinji bognunda ýogyn çekimli gelse indiki bogunlardaky çekimliler hem ýogyn çekimli bolmaly.
Mysal: topragyňdan, babalarymyzyňky, gurgunçylykmy,

Sözüň birinji bognunda inçe çekimli gelse indiki bogunlardaky çekimliler hem inçe çekimli bolmaly.
Mysal: işdeşlerimizden, kebelek, ädikleriniňki, üzümleri, özümiňkilerden.

o we ö çekimli sesleri 1-nji bogundan soň eşdilse-de ýazylmaýar.
(oglanlaryňky, owadanlardan, nobat, doganlar)
(ördek, öýkelemek, börek, çörek)

u we ü çekimli sesleri 2-nji bogundan soň eşdilse-de ýazylmaýar.
(uly, ululardan, ugruny, gurluşykdan)
(üzümiň, sözlügiň, çözgüdini, )

* Goşma we käbir alynma sözlerde bu kada saklanmaýar.

Çekimsiz harplar: açyk we dymyk çekimsizlere bölünýärler:

Açyk çekimsizler: b, d, g, j, ž, l, m, n, ň, r, w, ý, z.
Dymyk çekimsizler: ç, f, h, k, p, s, ş, t.

Sözüň soňundaky dymyk p, ç, t, k çekimsizler çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşulanda degişlilikde b, j, d, g çekimsizlerine öwrülýärler.
Mysal: kitap --> kitabyň; agaç --> agaja; bürgüt --> bürgüdiň; taýak --> taýagy.

No comments:

Post a Comment