02 January, 2008

Bender Türkmende bolan wakalar hakda

Bender Türkmende bolan we tut-ha tutluklar hakda köpräk material okajak bolsaňyz, aşakdaky çatgylara göz aýlaň:
http://www.turkmenilim.org/1386/dey/53.shtml
http://www.turkmenilim.org/1386/dey/58.shtml
http://radiozamaaneh.com/news/2007/12/post,3377.html
http://www.foroneiran.com/index.php/nation/more/334/

Anna güni, 27.12.2007ý
Kaspi deňizdäki Eýranyň "Deňizleri goraýan" güýçleri gijäniň tümlüginde 3 sany ýaş balykçynynyň gämisini basgylap olaryň birini öldürdiler. Ol 18 ýaşly işsiz oglandy.Ol öz öýüni ekdelemek üçin deňize çykypdy.

Ýekşenbe güni, 30.12.2007ý
Gahar gazaba münen adamlar şäheriň häkimligine (meriýasyna) çozup, ol jaýyň aýnalaryny döwüp, howlydaky gämileri zaýalapdyrlar.
Döwlet adamlary bu wakanyň ertesi gün irden (Duşenbe güni, 31.12.2007), Bender Türkmende we başga golaý şäherlerde, şu herekete goşulşan bolmagy mümkin bolan adamlary tutup näbelli ýerlere äkidipdirler.

Bu birinji hadysa däl. Döwlet organlary oňa we oňa meňzeşlere iş tapyp bermezden olaryň özlerini awlaýarlar. Bu waka ýyllar boýy gaýtalanyp gelýär. Bu waka "Deňizleri goraýan" güýçleriň eden etdiklering birinjisi bolmaýşy ýaly, soňkysy hem bolmaz. Döwlet bu organyň işgärlerini hemişekisi ýaly bu gezek hem jezalandyrmazmy? Herne, soragyň tümmek ýeri bu däl. Döwlet adamlara iş orunlaryny döretmese, bu waka ýene-de dowam eder durar. Bular ýaly wakalar, döwletiň adamlar hakda pikir etmeýänligini aňladanokmy?

No comments:

Post a Comment