24 February, 2008

Çagalar we ýetginjekler üçin kitaplar

2007-nji ýylda Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenilip birnäçe kitaplar çykaryldy.
Olaryň biri hem Berdi KerbabaýewiňJapbaklar” ýygyndysydyr. Bu kitaba ýazyjynyň “Japbaklar” powesti, “Myraly” hekaýatlar toplumy we “Jonnuk batyr” ertekisi girizilipdir. Oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň hem-de G. H. Andersen adyndaky Halkara çagalar baýragynyň hormatly diplomynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýew sözbaşy ýazypdyr.

Görnükli türkmen prozaçysy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata GowşudowyňDordepel” ady bilen çykan kitabyna onuň “Dordepel” powesti hem “Gajar aga” hekaýasy ýerleşdirilipdir. Bu kitaba ýazyjy Kömek Kulyýew “Dordepel hakda dessan” ady bilen sözbaşy ýazypdyr.

Zehinli prozaçy Nurmyrat SaryhanowyňŞükür bagşy” powestini hem “Kitap” hekaýasyny öz içine alýan ýygyndysy “Şükür bagşy” ady bilen çap edilipdir. Bu kitaba ýazyjy Osman Ödäýew sözbaşy ýazypdyr.

Uly ýaşly türkmen okyjylarynyň köpüsi bu ajaýyp eserler bilen çagalykdan tanyşdyrlar. Biz bu eserleriň häzirki zaman türkmen ýaş okyjylarynyň hem söýgüsini gazanjakdygyna ynanýarys.

1 comment:

  1. удачи и здоровя в новом году!

    ReplyDelete