28 August, 2011

Türkmen nakyllary we atalar sözi (A_2)

Agyzdan çykan sözi dolanyp alyp bolmaz.

Agyz ýaraşygy diş,
Göz ýaraşygy gaş.

Agyz köpi aşa ýakyn, eliň köpi – işe1.
Agyr otur, ýeňil gop.
Agyr ýük bara (dura-bara) batar.
Agyry aşdan geler, dawa – garyndaşdan.
Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz – toý2.
Adam adama myhman, jan – göwrä.
Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz.
Adam aýbyny ýer ýaşyrar.
Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.
Adam aşda belli, at – daşda.
Adam balasy – iliň lälesi.
Adam bar, gam bar3.
Adam garrasa-da, köňül (göwün) garramaz.
Adamdan gorksaň, kel bilen körden gork.
--------------------------------------------------=--------------
1 Agzy meňli aşa ýakyn, eli meňli işe ýakyn.
2 Ahmyrsyz ölüm bolmaz, jarçysyz – toý.
3 Jan bar – gam bar.

*****************************************************************

Adam bar, gep bar,
Arpa bar, çöp bar.

Adam bardyr, adamynyň nagşydyr,
Adam bardyr, haýwan ondan ýagşydyr.

Adam başy daşdan gaty.
Adam bilenin okar, towuk görenin çokar.
Adam bir çig süýt emen.
Adam gany ýerde ýatmaz.
Adam gulagyndan iglär, gulagyndan-da semrär.
Adam dilinden tapar, haýwan — pälinden.
Adam işden ölmez — igençden.
Adam mes bolsa, zynat islär, garynja mes bolsa - ganat.
Adam miwesi çaga.
Adam sözi adam öldir.
Adam üçin çukur gazma, özüň düşersiň.
Adam ynanmaz (yşanmaz) ýaly sözi düz hem bolsa sözleme.
Adamynyň özüne bakma, sözüne bak.

Adamynyň asly birdir, bir-birinden parhyýa.
Biri başyň agyrydyr, biri gözge totuýa.

No comments:

Post a Comment