Türkmen halk ertekisiniň esasynda
----------------------------------------
"Sap bolar" - diýp, palta bir dost saýlady.
Gury agajy sap edinip saýrady:
"Ýola düş sen poslap ýatan aýpalta,
Işlemeseň posuň gitmez aý, ýalta!"
Ýolda gördi kökün ýere urany,
Çapyp gitdi ýüzugruna durany.
Bir kölege pese düşdi epilip,
Gulak bary şaňlap gitdi gapylyp.
Ýykylşyny köplük bolup gördüler,
Hiç zat diýmän tomaşa eýläp durdular.
Palta gülüp bulaýlanyp başlady.
Duran ýerden arasyny daşlady.
Birinjisi şeýle bolup ýykyldy.
Galanlary yzyrajyk çekildi.
Birje pikir köp agaçda döredi,
"Görmedik." - diýp olar ýüzün büredi.
Aýdyşdylar: "Geçer gider zat degmäň."
Ýöne, çapmak tebigaty her paltaň
Ikinji gün daňdan işe başlady,
Agşamara biraz ýadap haşlady:
"Posum gidýär ýyldyraýan günbe-gün"
Çapanlarym düýnkiden-ä köp bu gün"
- diýip palta ýadaw bolup uklady.
Jeňňel ony biraz wagt ýoklady.
Zeýrenişip ýüzlendiler hudaýa:
"Bu ne bela iberipsiň bu jaýa?
Çapyp gyrdy gidip ýatan jeňňeli
Biz ölmeli palta bolsa gülmeli?
Howul bela, sowul bela edewer
Haýal etmän derde çäre görewer!"
Gökden jogap şeýle bolup gelenmiş:
"Ynanmaýan! Beýle bolmaz!" - diýenmiş.
Gün doganda palta pazlap oýanyp (pallap)
Galdy ýerden dessesine daýanyp.
Gutarmaga düýnden galan işini
Başlady ol gyjyrdadyp dişini.
Ençeme gün palta çapdy jeňňeli.
Unudypdy düýpden, jeňňel, gülmegi.
Her gün olar ýalbararmyş hudaýa:
"Bu ne bela iberipsiň bu jaýa?
Çapyp gyrdy gidip ýatan jeňňeli
Biz ölmeli palta bolsa gülmeli?"
Hudaý ýene şeýle jogap berenmiş:
"Ynanmaýan! Beýle bolmaz!" - diýenmiş.
Ahyr soňy sorag beren jeňňele:
"Dykgat ediň bu soragda tümmege
Ol nämeden, onuň şekli neneňsi?"
Gygyrypdyr birden olaň hemmesi:
"Ol demirden, ululygy el ýaly,
Bir gyrasy inçe misli gyl ýaly."
Geňirgenip hudaý aýdan olara:
"Ýeke demir gurby çatmaz orara.
Söz tümmegi - oňat tanaň duşmany.
Öwrenmäň hiç oýlanmadan gaçmany.
Palta özi güýji bolmaz birlikde,
Meger biri oň ýanynda gullukda."
Oýlanyň-da tapyň diýen ekeni.
Hoş ýarapdyr jeňňele oň diýeni
Aýtdy hudaý: "Duşman önüp özüňden
Şonuň üçin gabat galan gözüňden.
Gury agaç palta üçin sap bolan
Gurandan soň gök agaja çep bolan."
Ol baglaryň gözi düşdi duşmana
Sapy döwüp taşladylar bir ýana.
*****
Ine gördük dönükligiň derdini
Unutmalyň bu wakanyň pendini.
Gaýtalanar şeýle waka haçanda,
Köpüň güýji öňküsinden gaçanda.
Oýlanyp tap, "palta sapy" kim bolan?
Tanaňdan soň "paltaň sapyndan" goran.
Maňa çyn bu sözler, size-de ýalan,
Akylly oldyr kim pendini alan.
*****
Aşgabat, 1987ý.
Abdyrahman.
O'ra'n on'at sahypa,gutli bolsin,ho"wry ko" bolsin.
ReplyDeleteTurkmen-Che