29 September, 2007

Gurbannazar Ezizow

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty, Türkmeniň gowy şahyrlarynyň biri Gurbannazar Ezizowyň aradan çykanyna 32 ýyl bolýar. Şol ýatlama gün mynasybetli şahyryň birnäçe goşgularyny ýerleşdirmegi makul bildik.

Serpaý

Söýüň meni – ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär – ýok çaky-çeni,
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
Bir pursatly söýüň siz meni.

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýözlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Söýüň meni – ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.

Söýüň meni – siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý.
Men size bahasyz serpaý ederin, -
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
(sah. 17)
*****

Sungat


Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegin
Ýonup, döredýärler ajap eseri.

Artykmaçlyk – duçmanydyr sungatyň.
Tygşytly bolanda, beýikdir nama.
Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme!

Tälim almaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Gyz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa urup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli
(sah. 302)
*****

Seni söýdüm...
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym.
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn günlerde medet berdi kalbyma
Jadyly däl – seniň ynsan gözleriň.

“Kim men?” Jogap tapman şu günlere çen,
Seni söýüp kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: “Ejiz bu dünýäde söýmedik!”

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäda.
(sah. 106)

No comments:

Post a Comment