Kerim gurbannepesowyň "Türkmenistan" neşiryati tarapyndan 1986-njy ýylda çap edilen "Dostluk çemeni" terjimeler kitabyndan 1 sany goşgy:
Rabindranat Tagor
(Hindi şahyry)
"Uçgunlar", "Katralar", "Ýazgylar"
kitaplaryndan miniaturalar
"Hemmä ýaranaýmak kyn, göwräm doly azardan,
Ýeri, nätsemkäm?" diýip, Gün aglady bir ertir.
"Onuň birje ýoly bar − ses geldi biribardan −
Giň asmany taşla-da,
..................... kiçiräk bir işe gir!"
***
Metjidiň ýanynda bir topar çaga
Ylgaşlap ýör, uly şowhun döredýär.
Tagatçylar ýalbarsa-da hudaýa,
Hudaý diňe çagalara seredýär.
***
Doganyň kastyna topulsa dogan −
Üstüne taňrynyň näleti ýagar,
***
Eger-de öz boýuňdan bir garyş uly bolsaň −
Birazajyk egiläý − özüň bolarsyň onsoň.
***
Öwgi hem Tankyt ikisi soradylar şahyrdan:
"Biziň haýsy birimiz
..................... çyn duşmanyň, çyn dostuň?"
"Ikiňiz hem çyn duşmanym − jogap geldi
..................... şahyrdan−
Edil şonuň ýaly hem
..................... ikiňiz hem çyn dostum!"
***
Ajal diýdi şahyra: "Ogluňy läş ederin!"
Ogry diýdi şahyra: "Kisäňi boşadaryn!"
"Men hem abraýňy dökerin!" − ses geldi
..................... gurrumsakdan...
Şahyryň şahyrlygyn
..................... kim aljakka gursakdan?
***
Iş adama boýun egse − juda gutlanmaly zat.
Adam işe boýun egse − şoldur utanmaly zat.
***
Hakykat diýilýän zat söýýändir öz serhedin.
Şol serhetden çykana gysganar muhabbetin.
***
Bir diýen zat diňe birdir, şondan başga hiç zatdyr.
Birden soň başlanýan iki has üýtgeşik kuwwatdyr.
***
Sekuntjyklar dirkildeşip gelerler,
Gelşi ýalam
..................... dirkildeşip giderler.
Emma biriniň-de ölesi gelmez −
Ebedi galmagy arzuw ederler.
***
Jahankeşde şahyra diýdi çet ýurduň güli:
"Sen nämüçin meň ýurdumy çet ýurt hasap etmeli?"
***
Ol maňa bir bägül sowgat gowşurdy.
Ellerime batdy onuň tikeni.
Sag bol aýtdym. Çydamagy başardym.
Sowgadyň zäheri bolmaz ekeni.
***
Söýginiň şatlygy ýeke dem eken.
Hasratlary
..................... asyr bilen deň eken.
(112-114 sah.)
No comments:
Post a Comment