24 December, 2007

„Türkmen Dil Fondunyň“ döredilmeginiň ilkinji synanşyklary

Eýran türkmenleriniň täze başlangyjy, „Türkmen Dil Fondunyň“ döredilmeginiň ilkinji synanşyklary bilen ähli Eýran türkmelerini we olaryň ykbalyna jan ýandyrýan ähli adamlary tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bu başlangyç eýran türkmeleriniň taryhynda ilkinji gezek edilmäge synanşylan uly bir guramaçylykly iş diýsek bolar. „Türkmen Dil Fondunyň“ guramaçylyk işlerini alyp barýanlara we Fonduň Düzgünnamasyny (Esasnamasyny) taýýarlamak ynanylan adamlara alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirip, olara bu möhüm işde uly üstünlikler arzuw edýäris. Bu Fonduň eýran türkmenleriniň ýitip barýan dilini we milli medeniýetini ösdürmekde uly işler bitirip biljekdigine ynanýarys we bu gowy başlangyjyň dowam tapjakdygyna umyt bildirýäris.
Işiňiz ileri we üstünlikler hemraňyz bolsun!

1 comment: