XI asyr dilçisi Mahmyt Kaşgarynyň terjimehalyndan doly maglumat ýok. Ol kitabynyň sözbaşynda özüniň kakasynyň adynyň Husaýyndygyny we Husaýynyň hem Muhammediň ogludygyny belläp geçýär. Kitabynyň jildiniň daç ýüzünde bolsa Mahmut Kaçgary diýlip ýazylýar. Şuňa seredeniňde ol gelip çykyşy boýunça Kaçgar şäherinden bolmaly bolýar. Emma Mahmudyň özi aslynyň Kaçgardandygyny hiç ýerde görkezmeýär. Mahmut Kaçgarynyň “Diwanu-lugat-et-türk” sözlügi 466-njy hijri ýylynda ýazylypdyr. Bu sene milady ýylynyň 1073-1074-nji ýyllaryna gabat gelýär. Mahmut Kaşgary bu sözlügi ýazmagygnyň sebäbini kitabynyň başynda şeýle gürkezýär:
„Men Buhara ymamlaryndan we ýene bir Nişapurly ymamdan ygtybarly söz eşitdim. Olaryň ikisi-de özlerindäki delillere esaslanyp, allanyň resuly, goý oňa allanyň alkyşy we salamy bolsun, adyndan şeýle rowaýat etdiler, gürrüň berdiler: Ol, ýagny pygamber kyýamat şertlerini we ahyr zaman alamatlaryny we oguz türkmenleriniň meýdana çykyşy, olaryň häkimiýeti eýeleýşi we ahyr zaman pitneleri hakynda ýatlanda, gürrüň edende, şeýle diýdi: „Türk dilini öwreniň çünki olaryň mülki, ýagny patyşalygy uzyn, uzak bolar.“ Eger bu gürrüň dogry bolsa-da, dogry bolmasa-da onuň jogapkäri olaryň özüdir, şeýle bolanda ony türk dilini öwrenmek wajyp bolup durýar. Eger ol rowaýat dogry bolmasa ony, ýagny türk dilini öwrenmegi akyl makullaýar. Men olaryň, türkleriň ýurtlaryny, obalaryny gezdim, agtardym, olaryň sözlerini we kapyýalaryny ýygnadym, saýlap, seçip aldym. Bular türk we türkmen-oguz we çigil, ýagma we gyrgyz boýunçadyr.“
R. Rejebow. Gadym türkmen edebiýaty. Aşgabat. 1991, sah. 188-189.
Bu nakyllar http://www.canimablama.com/showthread.php?tid=410 alyndy we häzirki zaman türkmen diline geçirildi.
1. Abçi neçe al bilse, aýyg ança ýol bilir. (1. 63) (1. 33)
Awçy näçe al (hile) bilse, aýy şonça ýol biler.
2. Aç ebek, tok telek. (1. 387)
Aç howlugar, dok haýal bolar (iýer).
3. Açyglyg er şebük karymas. (1. 147)
Barly är (adam) çalt garramaz.
4. Aç ne ýemes, tok ne temes. (1. 79)
Aç näme iýmez, dok näme diýmez.
5. Agylda oglak togsa, arukda oty öner. (1.65)
Agylda owlak dogsa, ýap boyunda oty öner (her kim öz nesibesi bilen dogulýar diýen manyda.)
6. Agyz ýese, Köz uýadur. (1. 55)
Agyz iýer, göz utanar.
7. Alymçy arslan, berimçi syçgan. (1. 75) (1. 409)
Aljagyna arslan, berjegine (borjuna) syçan.
8. Alyn arslan tutar, küjün syçgan (köşgük, oýuk) tutmaz. (III. 412)(II. 289)(1. 81)
Al (hile) bilen arslan tutular, guýç bilen syçan (nazar, pikir) tutulmaz.
9. Alp çerikde, bilge tirikde. (1. 388)
Batyr ýigit goşunda, bilimli meýlisde (özüni tanadar).
10. Alp erig ýawrutma, ykylaç arkasyn ýagrutma. (1. 139)
Ýigidi taşlama, ýürük atyň arkasyn ýara etme.
11. Alplar bilen uruşma, begler bilen turuşma. (1. 182)
Batyr ýigitler bilen uruşma, begler bilen jedelleşme.
12. Alp ýagyda, alçak çoguda. (1. 41)
Batyr ýigit ýagy çozanda (belli), gorkak köp ýerde (belli).
Myhmanyň ýürek sesi...
20 September, 2007
Mahmyt Kaşgarynyň “Diwanu-lugat-et-türk” sözlügi
03 September, 2007
Orhon-ýeniseý ýazgylaryndan mysallar
"Gadym türkmen edebiýaty" - R. Rejebow
Aşgabat, "Ylym", 1991ý.
Okalşy ________________ Manysy
1. An öz Inençu _______ An Öz Inençu
2. ýyl An öz Inençu ___ Ýyl An Öz Inençu
3. Tarduş Kul Çur _____ Tarduşly Kül çur bilen
4. Besbalyka baryr ____ Bäşbalyga bararys
5. myz anta kutlug ____ Goý ol ol ýerde kutly, bagtly
6. bolzun _____________ bolsun.
(sah. 316)
Okalşy ______________________ Manysy
1. Ýylan ýyl onunç aýka _____ Ýylan ýyly, onunjy aýda
2. Inöz Inençü Bes balyka ___ Inöz Inençü beşbalyga
3. Baryr men a...t gelp _____ Men gitjek
4. Kut bolzun aly bar. ______ Kutly bolsun, alyp bar, äkit.
(sah. 317)
02 September, 2007
Gadymy Türki elipbiiý
Şu tablitsa (جدول) (jädwäl)- 1969-njy ýylda Leningradda çap bolan "Древнетюркский словарь" (Gadymy Türki Sözlük)-dan alnyp goýuldy.
1-nji sütün tertip nomeri
2-nji sütün GTS-däki harplary aňladýan sesler
3-nji sütün Orhon-ýeniseý belgileri (harplary)
4-nji sütün Arap belgileri (harplary)
5-nji sütün Uýgur belgileri (harplary)
ДТС (Древнетюркский словарь) = GTS (Gadymy Türki Sözlük)
--------------------------------------------------------
* Ulaldyp görmek üçin her suratyň üstüne basyň.
--------------------------------------------------------
Türkmen şahyry Şeýdaýy – 18-nji asyr
Bu goşgular Aşyrpur Meredow tarapyndan çapa taýýarlanyp "Ylym" neşriýatynda Aşgabat – 1978 ýylda çap bolan Şeýdaýynyň eserleriniň ýygyndysyndan alyndy.
Gözel ýigrim bäş
Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäş;
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.
Bu gün ornuň boldy belli,
Bul amanat telli-pelli,
Ösdürip şol güne çenli,
Gizledim, gözel ýigrim bäş.
Arzuw edip, ýetebilmen,
Görünip dur, tuyabilmen,
Maly-dünýä satabilmen,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.
Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp,
Geçirdik, gözel ýigrim bäş.
Matam, mersiýe, Şakandy,
Ýazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ýat ederler şindi,
Seni yzlap, gözel ýigrim bäş.
Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniň üçin ýas tutarlar,
Bu wagyt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gozel ýigrim bäş.
(Sah. 48-49)
Saýran tillerim
Arap, Ajam her bir zada goşuldy,
Sanly düzgün bilen saýran tillerim;
Kem-kem özün çekip, ýoga daşyldy,
Indi din öýünde haýran tillerim.
Biri bar diýr, nämedigin bilenok,
Bagt uklap,köňül çagyň bolanok,
Ýalbarýarys bize görnüp gelenok,
Biri bar salgymna ýortan tillerim.
Hiç milletiň gulagyna ýokanok,
Dogry diýsem, zamanama ýakanok,
Kemin ýazsam, doly many çykanok,
Güň bolupdyr şindi saýran tillerim.
Çistan bilen bir dilegi içerde,
Goýup ýazsam, anda açylmaz perde,
Dilim ýarylypdyr, galmyşam derde,
Ýene-de gelermiň her ýan tillerim.
Näler sanyň aldym jüzler dolduryp,
Okuw açyp, her millete bildirip,
Bu gün indi pelek seni öldürip,
Kuraanyň astynda çüýrän tillerim.
Şeýdaýy diýr, kelam, mantyk eyesi,
Indi ony hiç kim gelmez diýesi,
Arap dili boldy sözler güýesi,
Dartyşyp dört ýana süýrän tillerim.
(Sah. 49-50)
29 August, 2007
Gorkut ata
Gadymy türkmen eposy
("Türkmenistan" neşriýaty, Aşgabat 1990ý)
Giriş (sah. 24,25)
Eseriň başynda Gorkut atanyň aýdan sözlerinden käbir mysallar:
... Ölen adam dirilmez. Çykan jan yzyna gaýdyp gelmez. Bir ýigidiň Gara dagyň
ýumrusyça maly bolsa, ýygar, düýrer, talap eýlär, emma nesibesinden artygyny iýip bilmez. Tekepbiri taňry söýmez. Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz. Ýatdan ogul bolmaz, külden depe bolmaz. Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz. Ýapagly gök çemenler güýze galmaz. Köne pagta biz bolmaz. Garry duşman dost bolmaz. Gara güýje gyýmasaň, ýol alynmaz. Gara polat uz gylyjy çalmasaň, duşman dolanmaz. Malyna gözi gyýmadyk adamyň ady çykmaz. Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz. Ogul atasynyň iki gözüniň biridir. Ogul döwletli çyksa, ojagyň közüdir. Ataň ölüp, mal galmasa, ogul nätsin! Başda döwlet bolmasa, ata malyndan ne peýda. Sizi bidöwletiň şerinden alla saklasyn.
Ata namart ýigit münebilmez, onuň müneninden münmedigi ýegdir. Çalyp kesýän uz
gylyjy muhannesleriň çalandan çalmadygy ýeg. Çala bilen ýigide ok bilen gylyçdan bir çomak ýeg. Myhman gelmeýän öýüň ýykylany ýeg. At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg. Adam içmeýän ajy suwlaryň syzanyndan syzmadygy ýeg. Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýeg. Ýalan söz diýeninden diýmäniň ýeg. Gerçekleriň üç otuz on ýaşyny doldurany ýeg. Üç otuz on ýaşyň dolsun, hak size ýamanlyk görkezmesin.
Hawa, hanym, Däde Gorkut bir dahi sözlär. Göreliň, ol ne sözlär:
Otluk ýeri keýik biler. Köküz* ýerler çemenlerin gulan biler. Iri-iri ýollar yzyn düýe biler. Ýedi dere ysyny tilki biler. Gije kerwen geçdigiň torgaý biler. Agyr ýük zähmin gatyr biler. Är näkesin, är jomardyn ozan** biler. Il-günde çalyp, aýdan ozan bolsun. Azyp gelen kazyny taňry sowsun.
Hanym heý! Ozan aýdar:
... Öýüňe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun. Ertir bilen elin-ýüzün ýuwman, dokuz ýazmaç bilen bir könek ýogurdy dykyp, elin bykynyna diräp: "Şu öý gura! Äre çykalym bäri, doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu bir ölse men hem başga birine barsam" diýýän aýal ýigitlere duşmasyn, gapyňyzdan gelmesin. Irden turup, el-ýüzüni ýuwmazdan, gapy-gapy aýlanyp, obanyň ol ujundan bu ujuna çenli gezip, gybat edip, gürrüň diňläp, öýläne çenli gezip, öýüne geler. Görse ogry köpek onuň zatlaryny iýip-içip, bir-birine gatandyr. Sygyrlar, towuklar öýüni agtar-düňder edendir, munuň üçin goňşularyna igener. Bardy-geldi öýüne myhman gelse, äri öýde bolup: "Tur iýer, içer ýaly zat getir" diýse, "Bu ýykylmyş çatmada hiç zat ýok, düýe degirmenden gelmedi, gelse-de, meniň suprama girsin" diýip, saçagyny kakar, diýseň, diýeniň bitmez, äriniň sözüne bakmaz. Bu zeýilli aýallardan alla sizi saklasyn...
--------------------------
* Gamyş-gajyrly deňiz kenary, Kaspi (Hazar, Girgan - Gürgen) deňziniň bir ady.
** Bagşy, aýdyjy.
Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************
EcoNews RSS Feed
آفتاب
ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی
خبرگزاری مــهر
DW-WORLD´s Persian Homepage
BBCPersian.com | صفحه نخست
BBC News | World | UK Edition
CBC | World News
The Globe and Mail - World News
Яндекс.Новости: Главные новости
Rambler Mass Media: Главные новости
Sözlük سـؤزلـؤک
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;