Eýranyň “Etemad” gazeti Bender Türkmeniň Yslam Şura Mejlisindäki wekilinden golaýlykda bir ýaş balykçynyň Deňiz Goraýjylary tarapyndan öldürlenligi hakda interwýu aldy.
http://www.etemaad.com/Released/86-10-12/213.htm
Bender Türkmeniň wekili Muhammetguly Haji Iri şeýle diýdi: “Şu wagta çenli üç gezek mejlisiň tribunasyndan, (gün tertibiniň öňünden) Bender Türkmende kanuny bozup, balykçylara ok atýarlar. Elbetde Deňiz Goragçylaryň aýdyşlaryna görä birnäçe balykçylar hem kanuny bozup Deňiz Goraýjylara ok atýarlar.” Iri şol çykyşlarda Içeri Işler Ministrliginden we Oba Hojalyk Ministrliginden bu wakalar hakda sorandygyny we iki gezek hem prezidente hat üsti bilen ýüzlenendigini, emma gynansa-da henize çenli olardan jogap almadygyny – nygtap aýtdy. Bender Türkmeniň Yslam Şura Mejlisindäki wekil şeýle diýdi: “Biz hem bikanun awa çykmagyň öňüne geçmeli diýýäris, ýöne balygyň esasy (awçylary we) olaryň azalmagyna sebap bolýanlara, işbiliň uly gaçakçylaryna we arada durýanlara şeýle bir garşylyk görkezýärler welin olaryň burnundan (bir damja) gan hem dammaýar. Balykçylara jeza bermeli bolsa kanun esasynda bolsun.” Iri wakalaryň esasy sebäbi bolan işsizligiň üstünde durup şeýle diýdi: “Adamlara iş ýerlerini döredip bermeli. Bir garyp obala “Açlyk çek!” - diýip bolmaz.
Baýramgeldi Bermek, Kalale we Minudaşdtyň wekili “Etemad” gazetine şeýle diýdi: “Deňiz Goragçylaryň kanun we düzgünnamasy bar. Olar şondan ýörelge almaly. Eger-de adamlar “Deňiz Goragçylary” karam edendir oýdýan bolsalar sud (kazyýet) instasiýalary (maraje) olaryň işlerini barlap kanun bilen derňäp görmeli. Eger-de balykçylar günäli bolsa oňa hem ýetişiklik etmeli. Bermek karam we jeza aragatnaşygyna degişli şeýle diýdi: “Rugsatsyz balyk tutmak karam, emma onuň jezasy ölüm däl. Her-ne kanunçylar bu wakanyň bilip ýa-da bilmezlikden bolandygyny anyklap bilerler.” Ol işsizligi aradan aýryp başarjak proektlere we döwlet bu regiona aýratyn üns bermelidigini nygtap “Şäherde Şura, Kethudalyklar we başga ýerine ýetiriji organlar ýaşlara iş ýagdaý döretmeli.” - diýip aýtdy. “Portuň gämi duralgalryny güýçlendirmeli. Bazarçalar döredip, kiçiräk we peýdaly önümçilik proektler bu regionyň işsizlik meselesini çözer. Şeýdilse dogurdanam şäheriň ýaşlary rugsatsyz balyk awlamagy taşlarlar. Sebäbi diňe garyplyk we ondan gelip çykýan ruhy dertler adamlary şu işlere tarap itýär.” - diýip belledi.
Myhmanyň ýürek sesi...
07 January, 2008
“Etemad” gazetiniň Muhammetguly Haji Iriden we Baýramgeldi Bermekden alan interwýuy
02 January, 2008
Bender Türkmende bolan wakalar hakda
Bender Türkmende bolan we tut-ha tutluklar hakda köpräk material okajak bolsaňyz, aşakdaky çatgylara göz aýlaň:
http://www.turkmenilim.org/1386/dey/53.shtml
http://www.turkmenilim.org/1386/dey/58.shtml
http://radiozamaaneh.com/news/2007/12/post,3377.html
http://www.foroneiran.com/index.php/nation/more/334/
Anna güni, 27.12.2007ý
Kaspi deňizdäki Eýranyň "Deňizleri goraýan" güýçleri gijäniň tümlüginde 3 sany ýaş balykçynynyň gämisini basgylap olaryň birini öldürdiler. Ol 18 ýaşly işsiz oglandy.Ol öz öýüni ekdelemek üçin deňize çykypdy.
Ýekşenbe güni, 30.12.2007ý
Gahar gazaba münen adamlar şäheriň häkimligine (meriýasyna) çozup, ol jaýyň aýnalaryny döwüp, howlydaky gämileri zaýalapdyrlar.
Döwlet adamlary bu wakanyň ertesi gün irden (Duşenbe güni, 31.12.2007), Bender Türkmende we başga golaý şäherlerde, şu herekete goşulşan bolmagy mümkin bolan adamlary tutup näbelli ýerlere äkidipdirler.
Bu birinji hadysa däl. Döwlet organlary oňa we oňa meňzeşlere iş tapyp bermezden olaryň özlerini awlaýarlar. Bu waka ýyllar boýy gaýtalanyp gelýär. Bu waka "Deňizleri goraýan" güýçleriň eden etdiklering birinjisi bolmaýşy ýaly, soňkysy hem bolmaz. Döwlet bu organyň işgärlerini hemişekisi ýaly bu gezek hem jezalandyrmazmy? Herne, soragyň tümmek ýeri bu däl. Döwlet adamlara iş orunlaryny döretmese, bu waka ýene-de dowam eder durar. Bular ýaly wakalar, döwletiň adamlar hakda pikir etmeýänligini aňladanokmy?
Bender Türkmende tut-ha tutluk başlandy
Bender Türkmende bolan wakalar hakda şu ýerde pars dilinde okap bilersiňiz.
Bu wakalar bir ýaş balykçy bikanun balyk tutup ýören wagty döwlet adamlary tarapyndan wagşylyk bilen öldürlen soň başlandy.
30 December, 2007
Türkmensährada bolan pajygaly waka
Bender-Türkmen we Çapaklyda bolan wakalary (ýekşenbe, 9 Deý aýy 1386ý - 30.12.2007ý) şu ýerde pars dilinde okap bilersiňiz.
24 December, 2007
„Türkmen Dil Fondunyň“ döredilmeginiň ilkinji synanşyklary
Eýran türkmenleriniň täze başlangyjy, „Türkmen Dil Fondunyň“ döredilmeginiň ilkinji synanşyklary bilen ähli Eýran türkmelerini we olaryň ykbalyna jan ýandyrýan ähli adamlary tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bu başlangyç eýran türkmeleriniň taryhynda ilkinji gezek edilmäge synanşylan uly bir guramaçylykly iş diýsek bolar. „Türkmen Dil Fondunyň“ guramaçylyk işlerini alyp barýanlara we Fonduň Düzgünnamasyny (Esasnamasyny) taýýarlamak ynanylan adamlara alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirip, olara bu möhüm işde uly üstünlikler arzuw edýäris. Bu Fonduň eýran türkmenleriniň ýitip barýan dilini we milli medeniýetini ösdürmekde uly işler bitirip biljekdigine ynanýarys we bu gowy başlangyjyň dowam tapjakdygyna umyt bildirýäris.
Işiňiz ileri we üstünlikler hemraňyz bolsun!
05 November, 2007
Bujnurd türkmanleriniň metjidini ýykdylar
Bejnurdyň Jawadiýe mikroraýonynda ýaşaýan türkmen doganlarymyza namaz okamaga bir metjit gerekdi. Olar bir bölek ýer satyn alyp, onyň dokumentlerini düzetmek üçin bir topary bellediler. Bu topar (2003) 1382-nji ýyldan başlap öz bar güýji bilen bu işe girişýär, netijede metjidiň gurulmak rugsat haty taýyn bolup oňa diňe gaýraky Horasanyň metjit gurmak jogapkäriniň goly ýetmezlik edýär.Bu topar köp talaşdan soň tamsyny üzüp Tährana ýuz tutýar we Tährandan hem hiç bir netije bolmaýar. Ondan soň Maşada ýüz tutup, 1384-nji ýylda metjidi gurup başlap bir topar gurluşyk işini ýerine ýetirýärler. 13 aýlap bu metjitde jemagat namazy okalýar, şeýle-de çagalara we ýetginjeklere Gurhan sapaklaryny geçirmäge klaslar goýulýar. Metjidiň ýerzemininiň işi doly gutaryp we onyň birinji gatynyň hem gutaryp barýan wagty ýekşenbe güni 05/08/1386-njy ýylda (05 October 2007) metjidiň ymamyndan we başga jogapkär adamlardan metjidiň ýykmagyny isleýärler hem-de namaz okamaga-da rusgat bermeýärler. Bu aýdylanlar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda olaryň özi metjidi ýykmaga girişjekdiklerini haýbat bilen aýdýarlar. Sişenbe güni 07/08/1386-da (07 October 2007) gijara metjidiň daş töwereginde ýaragly adamlary goýmak bilen, ymam jemagaty we metjidiň işlerini alyp barýan adamlary tutup, gije sagat 23-lerde metjidi ýykmamga başlap, daň atýança ony doly ýykyp, gök meýdança öwürmäge taýyn edip goýýarlar!
Habaryň alynan ýeri: http://www.turkmenjam.persianblog.ir/
Habary terjime edip iberen: Hajimuhammed
Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************
EcoNews RSS Feed
آفتاب
ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی
خبرگزاری مــهر
DW-WORLD´s Persian Homepage
BBCPersian.com | صفحه نخست
BBC News | World | UK Edition
CBC | World News
The Globe and Mail - World News
Яндекс.Новости: Главные новости
Rambler Mass Media: Главные новости
Sözlük سـؤزلـؤک
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;