Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

Showing posts with label Goşgy. Show all posts
Showing posts with label Goşgy. Show all posts

25 April, 2009

Çak-Çen

Özüňe ynam gerekdir, welin
ýeg çykmasa akyldan.
Dünýä garaýyş hem gerekdir, welin
ýeg çykmasa ylymdan.


-----------------------
(Çak-Çen حد و مرز)
(Özüňe ynam اعتماد به نفس)
(Dünýä gararýyş جهان‏بینی، ایدئولوژی)

16 September, 2008

Maýyp çaga ........................ مایئپ چاغا











Maýyp çaga


مایئپ چاغا

Bir çagajyk, ýeke özi, oýnaýar.


Uly ýürek, uly kelle, bir dünýe.


Kiçi göwre, kiçi aýak, kiçi el.


Her kim geçýär, hiç kim ony görmeýär.



Hawa, hawa hemmeleri görýär ol.


Bir güjüjek böküp ýör jowwuldap,


Bir şol güjük towsup towsup oýnaýar,


Bir elinden, bir aýakdan ýalaýar.



Salam aýdyň, menden şoňa, görseňiz.


Birje salym säginiň Siz Adamlar.


Ýylgyrypjyk elin gysyň olaryň.

Göwnün alyň kiçileň Siz Ulular.


بیر چاغاجیق، یکه اؤزی، اوینایار.


اولی یوراک، اولی کله، بیر دنیا.


کیچی گؤره، کیچی آیاق ، کیچی ال.


هر کیم گچیار، هیچ کیم اونی گؤرمه‏یار.



هاوا، هاوا هممه‏لری گؤریار اول.


بیر گؤجی‏جک بؤکؤپ یؤر جاوویلداپ،


بیر شول گؤجؤک تاوسوپ تاوسوپ اوینایار،


بیر الیندن، بیر آیاقدان یالایار.



سلام آیدینگ، مندن شونگا، گؤرسانگیز.


بیرجه سالیم ساگینینگ سیز آداملار.


یئلغیریپ‏جیق الین قیسینگ اولارینگ.


گؤونؤن آلینگ کیچی‏لنگ سیز اولولار.

16 August, 2008

Düşünýärmi? دؤشـؤنـیـارمی؟

Düşünýärmi? دؤشـؤنـیـارمی؟ ـــــــــــــــــ

“Niçeler düşünmän نیچه‏لر دؤشؤنمان ــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ"
Göwnüme degýär. گؤنؤمه دگیار. ـــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
Aýdanym däl-de آیدانیم دال-ده ـــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
Islänni aňýar.” ایسلاننی آنگیار." ـــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
– diýiýpdiň bir gün ــ دییپدینگ بیر گؤن ــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
hoşlaşjak wagtym. خوشلاشجاق وقتیم. ـــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
*****
Ynjama dostum, ynjama ائنجاما دوستم، ائنجاما ـــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
Bu günler hem geçer-de gider. بؤ گؤنلر هم گچر-ده گیدار. ــــــــــــــــــــــــ
Geçmejek gün ýokdur asyl. گچمه‏جک گؤن یوقدور اصل. ـــــــــــــــــــــــــــ
Hoş gün geçişi deý خوش گؤن گچیشی دی ــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
Agry hem geçer. آغری هم گچر. ــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
*****
Ýöne aňmadym bir zady. یؤنه آنگمادیم بیر زادی. ــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
Ol näme? اول نامه؟ ــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــــ
Seniň däl-de gepiň dostumy? سنینگ دال-ده گپینگ دوستیمی؟ ـــــــــــــــــ
Adama düşmedik, söze düşermi? آداما دؤشمه‏دیک، سؤزه دؤشرمی؟ ــــ
*****
August 10, 2008

11 May, 2008

MAGTYMGULY PYRAGY

NÄME SEN
Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!

05 May, 2008

ÝEŇIŞ

9-nji Maý – faşizmiň ýeňlen güni.
Bu uly ýeňiş bilen hemmäňizi gutlaýarys.
ÝEŇIŞ
Ýanwardamy,
Apreldemi,
Maýdamy,
Ýa başga aýdamy gelerkäň haçan?
Çözülýänçä bu sowalyň jogaby,
Milýon ömürleri äkitdi ajal.

Garaşdyk biz Saňa gözümiz ýolda...
Emma weli, Saňa garaşmak diýmek
Söýgüli bir gyza garaşýan ýaly.
Erik saýasynda ah çekmek, köýmek
däldi. Oňa görä has uly zatdy,
Garaşypdyk Saňa göreşler bilen.
Ol göreşleň niçik göreşdigini
Dine garaşan däl,
Göreşen biler.

Garaşmak, göreşmek - bu iki dogan
Biri arzuw berdi, birisi ynam.
Sol iki doganyň bolan ýerinde
Mydam bola-bola gelýänsiň Senem.

Ahyry biziňki bolmalydyň Sen,
Şeýle boljakdygam anykdy juda,
Ýöne weli, näçe pida çekmeli,
Näçe gerçeklerden düşmeli jyda?
Şonuň anygyny bilemzokdyk biz.
Öňünden çözerden kyndy bu sowal.
Emma weli, näçe pida çeksek-de
Biziň ýelkenmize urýardy şemal.

Arzuwdan, ynamdan dörän şol şemal
Urýardy ýelkene. Dolýardy ýelken.
Şoň ýaly şemalyň bolan ýerinde
Diňe
ilerligne gidiljek eken,
Ölmedikler
Seni gazanyp öldi,
Şeýdip Sen ahyry biziňki bolduň...
Diýmek, bir hakykat meň üçin belli:

Ömür adam üçin gymmat zat. Emma
Ölüm hem gerek zat islände döwür.
Ölümsiz göreş ýok,
Göreşsiz Sen ýok,
Sensiz bolsa,
kime gerekmiş Ömür.
---------------------------------------------------------
Kerim Gurbannepesow, Oýlanma baýry, Sah. 59-60
Aşgabat, Türkmen döwlet neşriýat gullugy, 2007.

03 December, 2007

BIZIŇ IŞIMIZ

«Meniň nä işimmiş bu zatlar!» diýýäs.
Ol ýalňyşýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol ýaňraýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol aldaýar. Diýýäs: «Meni aldanok,
Illeri aldaýar. Meniň nä işim!»

Görünmeli ýerde görünmese-de,
Görünmesiz ýere irinmese-de.
Goýalmaly ýaşda goýalmasa-da,
Uýalmaly ýaşda uýalmasa-da,
Ýene-de diýýäris: «Goýalman geçsin,
Goý, uýalman geçsin. Meniň nä işim!»

...Ol bolsa:
«Hemme zat meniň öz işim,
Nädemde illeriň nä işi?» diýip,
Maýkasyny çermäp göbegne çenli,
Dyzyndan geçmeýän jalbaryn geýip,
Edil dik garşyňda, kofehanada,
Çigit çakyp otyr hüžžerdip döşün.
Sen bolsa diýýärsiň: «Goý, daş gemirsin,
Goý, ýalaňaç gezsin,
Meniň nä işim!»

,..Ol ogurlyk edýär. «Meniň nä işim,—
Diýýärsiň— wagt geler, jezasyn çeker».
Ol myjabat ýapýar. «Meniň nä işim, —
Diýýärsiň — hakykat lowurdap çykar».

Emma jezasynyň gelýänçä wagty,
Lowurdap çykýança hakykatymyz —
Žuda çökder düşýär parhlylygymyz,
Žuda gymmat düşýär kanagatymyz.

...Ol adamyň eden etmişi uly.
Ol-a ilden bezgek, il ondan bezgek.
Ýygnakda şol hakda sowal goýulýar,
Ýetýär geplemäge saňa-da gezek.

Sen onuň kimdigne bolsaň-da belet,
Ýa çekinip, ýa-da hormatlap ýaşyn,
Geplemek deregne aşak seredýäň:
«Goý, iller geplesin,
Meniň nä işim!»

Soň bir gün düşülýär seniň üstüňden,
Ýaňky gezek alyp hemmeden ozal,
Kiçijik günäli göreçleriňe
Eýmenç ýigrenç bilen aýlaýar nazar.

Hem diýýär: «Günäsi juda ullakan.
Jenaýatkär. Suda bermeli işin!»
Sen bolsa şondan soň bilip galýarsyň
Niçiksi zat eken —
«Meniň nä işim»

...Sen uly aýlykly ullakan işçi.
Emma pul diýleniň üýşüp ýataiyn
Göreňok sen. Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň.

Başga biri bolsa haram bagtynyň
Ugrunda hallanlap, otuzki dişin
Ýonduryp, gyzyldan gapladyp otyr.
Sen ýene-de diýýäň: «Meniň nä işim!»

Altyn dişli kişi gün-günden azýar,
Ili hem azdyrýar. Güjeňläp dişin,
Bir ajap maşgalan başyn aýlaýar.
Sen ýene diýýärsiň: «Meniň nä işim!

Aýlasa aýlasyn. Mana degenok...»
Ol bolsa kem-kemden gaýşardyp döşün,
Seniň duluňa-da ätläp başlaýar.
Soň weli dieňok:
«Meniň nä işim!»

Gurhanda: «Magşarda gopup harasat,
Asman-ýer çöwrüljek!» diýilýämişin,
Ýer çöwrülmez. Birden çöwrüläýse-de,
Ýeri çöwürjek zat:
«Meniň nä işim!»
***
Kerim Gurbannepesow, "Ömür", Sah. 64-66

01 December, 2007

ARŞYŇ ÜSTÜNDE GEÇEN PRES-KONFERENSIÝA

Ýaradan ýaradyp ilkinji Aty,
Çagyrdy ullakan pres-maslahat.
Maslahata geldi ähli haýwanat.
Haýwanlaň şu günki, ertirki bagty
Hakynda söz sözläp tutuş bir sagat,
Ýüz ýylyň işinden berdi hasabat.

Soň diýdi: «Ene-de bir mesele bar.
Şony hem çözäýsek — maslahat tamam.
Gaty toýnaklylaň maşgalasyna
Goşulmaly şu gün täze bir haýwan».

Onýança-da kişňäp şol täze haýwan
Derwezeden girdi. Ony görende,
Maslahata gelen ýedi müň haýwan
Doňup galdy duran-duran ýerinde.

Gözüňe söwdügim, şeýle bir bedew:
Alkymy — daglaryň alkymy ýaly.
Ýakymy — bägüliň ýakymy ýaly.
Ýallary — hüýr gyzlaň çokuly ýaly.
Guýrugy — maýsanyň tolkuny ýaly,
Akyly — dananyň akyly ýaly.

«Ynha indi her kim näme islese Aýdybersin!
—diýip, gobsundy
rahman— Kemçiliksiz zady ýaradaýmak kyn,
Entegem ýetmezi bolmagy ahmal...»

Hemmelerden ozal söz alyp Eşek,
Ýaradana bakyp, eýledi tagzym:
«Juda ajap haýwan ýasapsyň, taňrym,
Ýöne hasam beter ajap bolardy
Bili bir azajyk bolaýsa ýogyn,
Gulagam azajyk bolaýsa uzyn.
Ýogsa göwre uly, gulagam kiçi...
Diýmek, formasyna ters gelýär mazmun»

Soň Geçi mäledi: «Ýa perwerdigär,
Beýle ajap haýwan älemde seýrek.
Bu ýöne haýwan däl, duran bir melek.
Ýöne weli özüň hudaýam bolsaň,
Entek bir tarapyn edipsiň telek:
Eňegi-hä köse, kellesem kelek.
Muňa bir şah bilen Bir sakgal gerek!»

Replika berdi erkejik towşan:
«Abat günümizi etmäliň bibat.
Şahynyň ýoklugy örän gowy zat.
Şu göwresi bilen şahy hem bolsa,
Biziň hemmämizi gyrar zaluwat!»

Hudaý bir ýylgyrdy.
Ondan bihabar,
Iň soňky hatardan bögürdi Öküz:
«Ýa ýaradan, seniň keramatyňa
Bolmandym, bolamok, bolmanam müňkür.
Gulagy-da ajap, alny-da ajap,
Guýrugy-da ajap, ýaly-da ajap,
Ýöne weli kişňemegiň deregne
Molaýsa, ajabyň ajaby boljak!»

Ýene bäş-on haýwan çykyp sözledi,
Biri eýle diýdi, birisi beýle,
Sagadyna bakyp diýdi Ýaradan:
«Belki, çekişmäni jemlärsiň Düýe!»

Buýsanyp özüniň ululygyna,
Biperwaý gäwüşäp, diýdi ol:
«Ýa reb, Aýdylan zatlaryň bary biderek.
Oňa ne şah gerek, ne uzyn gulak,
Ne-de sakgal gerek, ne-de molamak —
Bary-ýogy oňa bir örküç gerek!»

Hudaý ýylgyrmadam,
Gaharlanmadam.
Ýerinden turdy-da diýdi: «Wessalam,
Indi şunuň bilen maslahat tamam.
Örän köp peýdaly zatlar aýtdyňyz,
Sag boluň. Nazarda tutaryn hökman».

Nazarda tutupmy ýa-da tutmanmy —
Ol maňa-da aýan,
Size-de aýan.
-===-
Sah. 180-182
Kerim Gurbanepesow
“Ömür”, Aşgabat 1975.

14 October, 2007

Ýerden örküňi üzme!

Bir agaç kök urman boý aljak boldy.
Tokaý agajyna boýaljak boldy.
„Gurçuklar ýanynda, palçyga çümüp,
Beýle pes däl,“ – diýdi „gömülip ýatyp.“
Köküni sogurdy palçygyn kakyp.
Palçygyny ýuwdy bir ýagyş ýagyp.
Bäş ýapragy ýyldyrapjyk begendi,
Boýdan baş suw damjasyna bezeldi.
Arassa boýuna guwandy agaç.
Iki gün geçende ökündi agaç.
Bir gün arassalyk, tiz ösmek pikir,
Onuň ýerini edip goýdy çukur.

Abdyrahman, 2007.

Göterler atlar, ýitdirmez ýatlar

"Gelin jan, gel!" - diýip güldiň mylaýym,
Ýassyga ýan berip gök çaý başynda.
Utançly sorady: "Gülýäňmi gaýyn?"
"Begenýärin." - diýdiň ol jaýlaşanda.

Göwresin synlansoň pikriňe saldyň
"Agtykly bolýaryn, saýlaýyn bir at ...
"Köçeden ses geldi penjirä bardyň
Geçip barýar uly bir tazahorat.

"Hak aý, hak aý" - diýip, eliň alnyňda
Gelniňi çagyryp hak aý etdirdiň.
"Bagtymyz bir bolsun!" - diýip aýdaňda
Göze ýaş tegeläp bir dem kütdirdiň.

Ýumrugyny düwüp elin, bulaýlap,
Oglun-da barýardy jem arasynda.
Oturýar sesleri kalbyňda oýnap,
Muny bilýäň diňe jana siňende.

Näçe aý geçmändi uruş başlandy.
"Halkymy goraýyn hoş ezizlerim,
Indi hökümetden ara daşlandy"-
Diýip ýakdy seniň ýuka ýüregiň

"Emen süýdüň halal etdim jan ogul!
Ömrüň uzak bolsun ýoluň hem ýagty.
Ýeňsäňden arkaýyn ugra han ogul.
"Wah, ýöne çüwmedi enäniň bagty ...

Gözýaşly gelniňe utançly aýtdyň:
"Sepaýdym-da yssy çaýy bir gezek."
Bükeldip biliňi jaýyňa gaýtdyň
"Gaýdyp gelmez, ökünmeden ne derek."

Özüm gören kimin ýadymda düýşüň.
Ertesi aýtdyň: "Düýşi göremde,
Emdi guzy goýny." Bildim köýüşiň
Dogylmadyk çaga ogul diýeňde.

Düýşüňi ýorup-da aýdyp otyrkaň,
Ýaşmagny aýyryp gelniň gelipdi
"Görüň çaý çommalýar, görsene gaýyn!"-
Diýip ýeňläp gelin bir dem gülüpdi.

Çaýy hem dökmän saklap ýör gelin.
Bir çaga iki ene ogul diýjekdir.
Ikisi hem ýarman gezip ýör dilin.
Çagalar ertesi gülüp geljekdir.

Dikelmän galmaz baýdak ýykylsa.
Geler gider adamlar ýitdirmez ýatlar.
Soralmany durmaz ganlar dökülse.
Söweş köşär welin göterler atlar.

Abdyrahman, Aşgabat 1988.

08 October, 2007

Rabindranat Tagor (Hindi şahyry)

Kerim gurbannepesowyň "Türkmenistan" neşiryati tarapyndan 1986-njy ýylda çap edilen "Dostluk çemeni" terjimeler kitabyndan 1 sany goşgy:

Rabindranat Tagor
(Hindi şahyry)

"Uçgunlar", "Katralar", "Ýazgylar"
kitaplaryndan miniaturalar


"Hemmä ýaranaýmak kyn, göwräm doly azardan,
Ýeri, nätsemkäm?" diýip, Gün aglady bir ertir.
"Onuň birje ýoly bar − ses geldi biribardan −
Giň asmany taşla-da,
..................... kiçiräk bir işe gir!"
***
Metjidiň ýanynda bir topar çaga
Ylgaşlap ýör, uly şowhun döredýär.
Tagatçylar ýalbarsa-da hudaýa,
Hudaý diňe çagalara seredýär.
***
Doganyň kastyna topulsa dogan −
Üstüne taňrynyň näleti ýagar,
***
Eger-de öz boýuňdan bir garyş uly bolsaň −
Birazajyk egiläý − özüň bolarsyň onsoň.
***
Öwgi hem Tankyt ikisi soradylar şahyrdan:
"Biziň haýsy birimiz
..................... çyn duşmanyň, çyn dostuň?"
"Ikiňiz hem çyn duşmanym − jogap geldi
..................... şahyrdan−
Edil şonuň ýaly hem
..................... ikiňiz hem çyn dostum!"
***
Ajal diýdi şahyra: "Ogluňy läş ederin!"
Ogry diýdi şahyra: "Kisäňi boşadaryn!"
"Men hem abraýňy dökerin!" − ses geldi
..................... gurrumsakdan...
Şahyryň şahyrlygyn
..................... kim aljakka gursakdan?
***
Iş adama boýun egse − juda gutlanmaly zat.
Adam işe boýun egse − şoldur utanmaly zat.
***
Hakykat diýilýän zat söýýändir öz serhedin.
Şol serhetden çykana gysganar muhabbetin.
***
Bir diýen zat diňe birdir, şondan başga hiç zatdyr.
Birden soň başlanýan iki has üýtgeşik kuwwatdyr.
***
Sekuntjyklar dirkildeşip gelerler,
Gelşi ýalam
..................... dirkildeşip giderler.
Emma biriniň-de ölesi gelmez −
Ebedi galmagy arzuw ederler.

***
Jahankeşde şahyra diýdi çet ýurduň güli:
"Sen nämüçin meň ýurdumy çet ýurt hasap etmeli?"
***
Ol maňa bir bägül sowgat gowşurdy.
Ellerime batdy onuň tikeni.
Sag bol aýtdym. Çydamagy başardym.
Sowgadyň zäheri bolmaz ekeni.
***
Söýginiň şatlygy ýeke dem eken.
Hasratlary
..................... asyr bilen deň eken.
(112-114 sah.)

29 September, 2007

Gurbannazar Ezizow

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty, Türkmeniň gowy şahyrlarynyň biri Gurbannazar Ezizowyň aradan çykanyna 32 ýyl bolýar. Şol ýatlama gün mynasybetli şahyryň birnäçe goşgularyny ýerleşdirmegi makul bildik.

Serpaý

Söýüň meni – ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär – ýok çaky-çeni,
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
Bir pursatly söýüň siz meni.

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýözlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Söýüň meni – ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.

Söýüň meni – siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý.
Men size bahasyz serpaý ederin, -
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
(sah. 17)
*****

Sungat


Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegin
Ýonup, döredýärler ajap eseri.

Artykmaçlyk – duçmanydyr sungatyň.
Tygşytly bolanda, beýikdir nama.
Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme!

Tälim almaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Gyz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa urup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli
(sah. 302)
*****

Seni söýdüm...
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym.
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn günlerde medet berdi kalbyma
Jadyly däl – seniň ynsan gözleriň.

“Kim men?” Jogap tapman şu günlere çen,
Seni söýüp kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: “Ejiz bu dünýäde söýmedik!”

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäda.
(sah. 106)

14 September, 2007

Kerim gurbannepesow - "Dostluk çemeni"

Kerim gurbannepesowyň "Türkmenistan" neşiryati tarapyndan 1986-njy ýylda çap edilen "Dostluk çemeni" terjimeler kitabyndan 2 sany goşgy:

Musa Jelil (Tatar şahyry)

Iň soňký aýdymym

Uzaklara seredýärin:
Dag-düz, asman - giden giňlik,
Meniň weli ýatan ýerim
Hem aňkap dur
Hemem tümlük.

Ak ganatly bir guşjagaz
Pasyrdap ýör al-asmanda.
Men weli elim gandally
Ýatyryn porsy zyndanda.

Gyzylja gül gök meýdanda
Atyr ysyn saçyp otyr.
Musa bolsa çyg zyndanda
Läbikli suw içip otyr.

Ýaşamak nähili süýji!
Ne ajap ömri adamyň!
Men weli häzir ölmeli,
Bu aýdym -
Soňky aýdymym.

Awgust, 1943 ý.
(sah. 280)

*****
A. S. Puşkin (Rus şahyry)

Ýadymdan çykanok şol täsin pursat:
Geldiň-de gaşyma gülgün jemally,
Gaýyp bolduň gitdiň misli alamat,
Tämiz gözelligiň genisi ýaly.

Namut hasratlaryň ezýetin sorup
Gopgunly, şowhunly galagoplukda,
Seniň eziz keşbiň düýşüme girip,
Näzik sesiň ýaňlanypdy gulakda.

Ýyllar ötdi. Gaý-tupanlaň owsuny
Dargatdy ýüregmiň öňki hyýalyn.
Unutdym men seniň näzik sesiňi,
Ýatdan çykdy seniň täsin jemalyň.

Çolalyda, bendiligiň tozunda
Asuda uzalyp güneşsiz günler,
Tirkeşdi-de geçdi yzly-yzyna
Ylhamsyz, söýgüsiz, gözýaşsyz günler.

Soň ýene täzeden oýandy ýürek:
Ýene peýda bolduň täsin jemally,
Ýene-de göründiň bir alamat dek,
Tämiz gözelligiň genisi ýaly.

Ýaňadan nur saçdy ömrümiň ýoly,
Ýene gaýdyp geldi tagamly günler,
Söýgüden, durmuşdan, gözýaşdan doly,
Muhabbetden doly, ylhamly günler.

(151-152 sah.)

08 September, 2007

Kawus diňi


Kawus diňi, gögi dilen gupbaňy,
Kim dikeldip, kimler boldy gurbany?
Dik kamatyň epmän dursyň horlanyp,
Ýyldyzlara, gara dere goranyp.
Ýeke gözüň ýöne ýerden seretmez,
Ýöne bolsa halyk ony döretmez.
Kirpikleriň bir birini tanaman,
On asyrlap heý durarmy garaman?
Seredýärsiň töwerege güzere
Alajyň ýok kylaý diýseň çözere.
Goşa sütem ýürek bagryň ýakyp dur
Halk arzuwy, taryh saňa bakyp dur
Meň şekim bar kerpiç diýseň göwräňi
Sen basyrýaň kerpiç bilen döwrany.
Bu toprakdan näçe arzuw uçandyr
Göz alnyňda näçe ýyldyz öçendir
Wah! Aýtsana name üçin dymýarsyň?
Dymar bolsaň meýdana nä gelýärsiň?
Unudamok sen hem geldiň meýdana,
Hormat edip seni ýasan ynsana.
Ýüzlerçe ýyl oklar deşdi teniňi
Gana bulap goýdular dik seriňi.
Gamly gözüň arzuw odun öçürmän
Çydanypsyň arzuw guşun uçurman
Hasratly göz dikilip dag serine
Şol bakyp dur günüň dogjak ýerine.

Abdyrahman, 1988ý.

02 September, 2007

Gadymy Türki elipbiiý



Şu tablitsa (جدول) (jädwäl)- 1969-njy ýylda Leningradda çap bolan "Древнетюркский словарь" (Gadymy Türki Sözlük)-dan alnyp goýuldy.

1-nji sütün tertip nomeri
2-nji sütün GTS-däki harplary aňladýan sesler
3-nji sütün Orhon-ýeniseý belgileri (harplary)
4-nji sütün Arap belgileri (harplary)
5-nji sütün Uýgur belgileri (harplary)

ДТС (Древнетюркский словарь) = GTS (Gadymy Türki Sözlük)

--------------------------------------------------------
* Ulaldyp görmek üçin her suratyň üstüne basyň.
--------------------------------------------------------

Türkmen şahyry Şeýdaýy – 18-nji asyr

Bu goşgular Aşyrpur Meredow tarapyndan çapa taýýarlanyp "Ylym" neşriýatynda Aşgabat – 1978 ýylda çap bolan Şeýdaýynyň eserleriniň ýygyndysyndan alyndy.



Gözel ýigrim bäş

Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäş;
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.

Bu gün ornuň boldy belli,
Bul amanat telli-pelli,
Ösdürip şol güne çenli,
Gizledim, gözel ýigrim bäş.

Arzuw edip, ýetebilmen,
Görünip dur, tuyabilmen,
Maly-dünýä satabilmen,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.

Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp,
Geçirdik, gözel ýigrim bäş.

Matam, mersiýe, Şakandy,
Ýazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ýat ederler şindi,
Seni yzlap, gözel ýigrim bäş.

Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniň üçin ýas tutarlar,
Bu wagyt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gozel ýigrim bäş.
(Sah. 48-49)



Saýran tillerim

Arap, Ajam her bir zada goşuldy,
Sanly düzgün bilen saýran tillerim;
Kem-kem özün çekip, ýoga daşyldy,
Indi din öýünde haýran tillerim.

Biri bar diýr, nämedigin bilenok,
Bagt uklap,köňül çagyň bolanok,
Ýalbarýarys bize görnüp gelenok,
Biri bar salgymna ýortan tillerim.

Hiç milletiň gulagyna ýokanok,
Dogry diýsem, zamanama ýakanok,
Kemin ýazsam, doly many çykanok,
Güň bolupdyr şindi saýran tillerim.

Çistan bilen bir dilegi içerde,
Goýup ýazsam, anda açylmaz perde,
Dilim ýarylypdyr, galmyşam derde,
Ýene-de gelermiň her ýan tillerim.

Näler sanyň aldym jüzler dolduryp,
Okuw açyp, her millete bildirip,
Bu gün indi pelek seni öldürip,
Kuraanyň astynda çüýrän tillerim.

Şeýdaýy diýr, kelam, mantyk eyesi,
Indi ony hiç kim gelmez diýesi,
Arap dili boldy sözler güýesi,
Dartyşyp dört ýana süýrän tillerim.
(Sah. 49-50)

19 August, 2007

"Palta we jeňňel"

Türkmen halk ertekisiniň esasynda
----------------------------------------

"Sap bolar" - diýp, palta bir dost saýlady.
Gury agajy sap edinip saýrady:
"Ýola düş sen poslap ýatan aýpalta,
Işlemeseň posuň gitmez aý, ýalta!"
Ýolda gördi kökün ýere urany,
Çapyp gitdi ýüzugruna durany.
Bir kölege pese düşdi epilip,
Gulak bary şaňlap gitdi gapylyp.
Ýykylşyny köplük bolup gördüler,
Hiç zat diýmän tomaşa eýläp durdular.
Palta gülüp bulaýlanyp başlady.
Duran ýerden arasyny daşlady.
Birinjisi şeýle bolup ýykyldy.
Galanlary yzyrajyk çekildi.
Birje pikir köp agaçda döredi,
"Görmedik." - diýp olar ýüzün büredi.
Aýdyşdylar: "Geçer gider zat degmäň."
Ýöne, çapmak tebigaty her paltaň
Ikinji gün daňdan işe başlady,
Agşamara biraz ýadap haşlady:
"Posum gidýär ýyldyraýan günbe-gün"
Çapanlarym düýnkiden-ä köp bu gün"
- diýip palta ýadaw bolup uklady.
Jeňňel ony biraz wagt ýoklady.
Zeýrenişip ýüzlendiler hudaýa:
"Bu ne bela iberipsiň bu jaýa?
Çapyp gyrdy gidip ýatan jeňňeli
Biz ölmeli palta bolsa gülmeli?
Howul bela, sowul bela edewer
Haýal etmän derde çäre görewer!"
Gökden jogap şeýle bolup gelenmiş:
"Ynanmaýan! Beýle bolmaz!" - diýenmiş.
Gün doganda palta pazlap oýanyp (pallap)
Galdy ýerden dessesine daýanyp.
Gutarmaga düýnden galan işini
Başlady ol gyjyrdadyp dişini.
Ençeme gün palta çapdy jeňňeli.
Unudypdy düýpden, jeňňel, gülmegi.
Her gün olar ýalbararmyş hudaýa:
"Bu ne bela iberipsiň bu jaýa?
Çapyp gyrdy gidip ýatan jeňňeli
Biz ölmeli palta bolsa gülmeli?"
Hudaý ýene şeýle jogap berenmiş:
"Ynanmaýan! Beýle bolmaz!" - diýenmiş.
Ahyr soňy sorag beren jeňňele:
"Dykgat ediň bu soragda tümmege
Ol nämeden, onuň şekli neneňsi?"
Gygyrypdyr birden olaň hemmesi:
"Ol demirden, ululygy el ýaly,
Bir gyrasy inçe misli gyl ýaly."
Geňirgenip hudaý aýdan olara:
"Ýeke demir gurby çatmaz orara.
Söz tümmegi - oňat tanaň duşmany.
Öwrenmäň hiç oýlanmadan gaçmany.
Palta özi güýji bolmaz birlikde,
Meger biri oň ýanynda gullukda."
Oýlanyň-da tapyň diýen ekeni.
Hoş ýarapdyr jeňňele oň diýeni
Aýtdy hudaý: "Duşman önüp özüňden
Şonuň üçin gabat galan gözüňden.
Gury agaç palta üçin sap bolan
Gurandan soň gök agaja çep bolan."
Ol baglaryň gözi düşdi duşmana
Sapy döwüp taşladylar bir ýana.

*****
Ine gördük dönükligiň derdini
Unutmalyň bu wakanyň pendini.
Gaýtalanar şeýle waka haçanda,
Köpüň güýji öňküsinden gaçanda.
Oýlanyp tap, "palta sapy" kim bolan?
Tanaňdan soň "paltaň sapyndan" goran.
Maňa çyn bu sözler, size-de ýalan,
Akylly oldyr kim pendini alan.
*****
Aşgabat, 1987ý.
Abdyrahman.

15 August, 2007

Ýetim oglan

Men ýaşajyk bir çaga,
Uzak ýaşasym gelýär
Ýaşlyk bagta guwanyp,
Jak-jak gülesim gelýär!
Ýaşlyk çagy bir gezek
Ölüm-ýitim bir gezek.
Meni hoş edenlere
Gülüp bakasym gelýär...!

***
Ýatlaýaryn ol güni
Gysdym bagra kitaby
Elip-bi - diýip başladym
Gara güni taşladym.
Indi boldum uly adam -
Diýip, aýtdym eneme.
Gülüp aýtdy enem-de
- "Golsyz derýadan gorkar,
Gorkak özünden.
Saňa,
Derýalar kölçe bolmaz.
Ekmedik hasyl almaz.
Muny garrylar aýdýar".
- Diýip ümsüm oturdy.
Ylgadym oýnamaga
Wagtym ýok ýaýnamaga...

***
Bir gün dädem gelmedi.
Soradym men enemden
"Uzak ýollara gitdi,
Geler birki ýyllardan".
- Diýip, jogap beripdi.
Men bilmedim näme üçin
Gözlerne ýaş aýlaýar?
Gözüne ýaş aýlasa
Bagryma daş paýlaýar.
Ýürek awap gyýyldy.
Beýle zady görmändim.
Enem ýaşyn süpürip
- "Dädeň gaýdyp gelende,
Aýdaýmagyn" - diýipdi!

***
... Bir gije men düýşümde
Gördüm eziz dädemi.
Garşy-garşy soradym
- "Nirä gitdiň däde jan?
Haçan gaýdyp gelýärsiň?
Bizden açyp arany,
Niçik gezip bilýärsiň?"
Başyn ýaýkap zeýrendi
- "Işigi gowşak öýüň,
Içi gowşak bolmazmy?
Gaýgy-gama düşeniň,
Dynjak güni bolmazmy?"
Göz ýaş eýläp turamda,
Enem basdy bagryna...

***
Dädem gaýdyp gelmedi...
Kitap, galam sarjakdym
Dostlaryma görkezip,
Dädeme guwanjakdym.
"Bist, aferin!" alamda
Meni göge götärdi...
Käte tutup gyjyklap,
Men gülkime gülerdi
Demim ýetmän, üsgürip
Gözüme ýaş dolardy.
- "Aglap otyr oglum" - diýip,
Ýene başlar gyjyklap,
Gaçjak bolup omzaýan,
"Ene ... ene!" - gygyrýan.
Enem gözläp gülerdi.
Oturmagy unudyp,
Aýak üste durardy...
Ýat bolupdyr o günler...
Dädem gaýdyp gelmedi.

***
Bir ýyl geçip geçmänem
Gitdi gulluga Agam.
Öýi çaşan deý enem
Dar gursaklyk edýärdi.
Urna-urna zeýrendi
Artyk çagam barmydy?
Ýatlady ol geçeni
Ukusyz daň atanyn

***
Ýollapdyr agam bir hat
Men hem düşdüm iler jebhä
Bar görýänim at ha at!
Kim geler-de kim ölerkä?
Aýdyp bolmaýar ony
Şeýle bolsa hem her-nä
Arzym bar eziz bally
Ynjytmagyn enäni
Sen hem indi uly oglan
Okuwy taşla, git işle!
Işiň deri öçer gider
Utanç deri batar gider!
Gadyr bilseň dirikä bil,
Öli gaýdyp gelmeýär!
Tüýküligiň soňy hem
Asyl sakgal ezmeýär!
Hoşlaşaly doganjygym,
Öý işigi sen bolansyň"...

***
Aradan aý geçip-geçmän,
Habar geldi eneme,
- "Gynanç bilen gutlaýarys!
Wepat boldy oglyňyz!"
Enem aglap gygyrdy
- "Wah! Adamym,
Wah! Oglum,
Ýatan ýerňiz bilsedim.
Mazaryňyz görsedim.
Ne-hä öli ne-de diri
Öňem biri ýene biri.
Ölüň - diýip aýtmandym
Geliň - diýip aydypdym
Mensiz nädip gitdiňiz?
Näme üçin siz beýtdiňiz?
Ýetim galyp ulaldym.
Ýalňyz bolup kül oldym.
Ne ýazygym? Bilmedim,
Dünýä inip gülmedim"...
Bu maňlaýy kim ýazdy
Öňki birim azmydy?

***
Eneme-de aýtman
Gara bagta salam diýp
Hoşlaşdym okuw bilen.
- "Ussa jan gelendirin!
Iş agtaryp, işlemäge
Her ne diýseň,
Iş buýursaň
Ýerne ýeter şol bada.
Aýdylan jogap şeýle
- "Ýegenjigim, köşejik!
Işi gözle, ýeňil bolsun,
Güýjüňe-de düzüw gelsin.
Bu iş seni maýyrar,
Saglygyňdan aýyrar!"
Köp agtaryp gürleşdim,
Ahyr işe ýerleşdim.
Enem eşdip wakany,
Göz ýaş eýläp tolgundy
- "Guzyjygym owlagym
Dirikäm bakaryn men.
Gitde okuwňa ýetiş!
Seň ýaşajyk janyňy
Göz alnymda jigerim
Neneňsi ýakaryn men?
Meniň ýalňyz köşegim!
Ýada sal aýdan sözüň
Begenip şeý diýipdiň
- "Elip-bi diýp başladym,
Gara güni taşladym"...

***
Men neýläýin ene jan?
Gara günüň soňy ýok.
Gül ýüzüňi ysgasam,
Gül ysyny berenok.
Süňke dönen barmagyň
Indi gaşa meňzeýär.
Başyňdaky ak saçyň
Gyş günleriň mirasy,
Ýüzüňdäki ýygyrdyň
Şum pelegiň tagmasy
Dilleriňden gaçypdyr
Öňki enäň nagmasy.
Ýagyrnyň beýikde dur
Başyň dyza ýetipdur.
Men dirikäm ene jan,
Eliň işe degirtmen.

***
Ölenden soň doganym,
Üýtgäp başlady enem.
Çykyp howlyň daşyna
Garaşýardy ogluna
Kä günler irden turup
Öý çykaryp kakýar ol
Gök gyňaja bürenip
Gulak halka dakýar ol.
Mert enem bar - diýginiň
Kakaň gaýdyp gelende.
Şu gyş geçip geçmäni
Biz galarys belende.
Bilipmi ýa bilmezden
Güýzüň solak gününde
Ýowuz gyşa garaşýardy,
Garaşýardy, garaşýardy...
Ol ýowuz gyşdan
Ýeke çykmaly boldum!
Enemden diňe at galdy,
Ýatlama hem
Ýekeje
Gyrasy ýyrtyk surat.
"Ene jan gitme!" - diýemde,
Kütdirip ýylgyrardy
Gözýaşdan el çekemde
Öpen soň "Hoş" - diýerdi.
Ýöne soňky gezek
Şeýle "Gitme!" - diýsem-de,
Şeýle gözýaş etsem-de
Ol dodagyn ýalap
Ýuwaşjadan seslendi
- "Müň arzuwdan bir arzuwma ýetmedim,
Ýylgyrmagy dodagyňda ekmedim.
Men bilmedim ýetimlik,
Menden saňa galdymy?
Ýa-da pelek,
Bu şum sazy çaldymy?"
(Böldüm onuň sözüni)
Dur! Ene jan ...
Ýeke goýma sen meni
Gorkýan ene, gorkýan ene!...
Eý Hudaý jan, eý Hudaý jan!
Ýa-ha agam, ýa-da dädem bolsady,
Iň bolmanda
Enem ýerden tursady.
Ene... ene jan!
Gözleriňi açsana
Dädem gaýdyp gelende
Ol günki aglanyňy
Duz kessin aýtmaýyn...
Ene janym tursana!
Dädem gaýdyp gelende
Men oňa nä diýeýin?
Özüň aýtmadyňmy nä
Bir-ki ýyldan geler - diýip,
Ýene seni gyjyklap
Gülkülerňe güler - diýip,
Bir-ki gezek ýuwdunyp
Dodaklary açyldy
- "Oglum, oglum..."
Sözlerini gutarman
Başy bir ýan ýykyldy.
... Kirpigin gyrpman
Seredip ýatyrdy.
Şol suratdaky ýaly.
Ýöne, ene... ene jan...
Diýsem-de ýylgyrmady.
Surata seredemde
Heniz ýylgyryp durdy
Meniň enem,
Meniň mähriban enem!...

***
Başym goýup gerşine
Aglamaga enem ýok.
Çarh üstüne mündürip
Aýlatmaga dogan ýok.
Gyjyklap hem güldürmäge
Dädem gaýdyp gelen ýok...

***
Indi işim el sermek.
Pelek başym aşak saldy.
Dyza çöküp gün ötürmek
Ine ömrüm şeýle köýdi.
Bir näçesi,
Meni görüp gülüşýär
- "Ine, ata ogly şu!
Görüň onuň ahybetin!"
Bir näçesi,
Başyn ýaýkap zeýrenýär
- "Wah, neresse,
gyş günde hem bürenip
Buz howada neýleýär?"
... Hawa! Siz hem görensiňiz!
Ýadymda däl nä diýeniňiz.
Bilmedim dar köçede,
Ýa-da, şaýat, giň köçede.
Büküdipjik otyrkam
Ýa-da süýnüp ýatyrkam...
Bu zatlary bilemok.
Diňe ýaşasym gelýär!
Men ýaşajyk bir çaga
Uzak ýaşasym gelýär!
Ýaşlyk bagta guwanyp,
Jak-jak gülesim gelýär!
Ýaşlyk çagy bir gezek
Ölüm ýitim bir gezek.
Gara günüň göwresin
Köňül aýdýar kül et, ýak!
Herne bolsa nädeýin?
Heniz mende kuwwat ýok.

*****
Aşgabat, 1987ý.
Abdyrahman.

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;