Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

Showing posts with label Gutlag. Show all posts
Showing posts with label Gutlag. Show all posts

08 August, 2013

Eýd-Fetr (Oraz Aýt) baýramy

Eýd-Fetr (Oraz Aýt) baýramyňyz gutly, eden ybadatlaryňyz we tutan orazalaryňyz kabul bolsun!

26 October, 2012

Gurban Baýramyňyz gutly bolsun!

Gurban Baýramyňyz gutly bolsun we indiki ýyllara hudaý ýetirsin!

30 August, 2011

Eýd-Fetr (Oraz Aýt) baýramy

Eýd-Fetr (Oraz Aýt) baýramyňyz gutly, eden ybadatlaryňyz we tutan orazalaryňyz kabul bolsun!

20 March, 2010

سال نو مبارک باد


سال نو 1989 هجری شمسی بر هموطنان گرامی مبارک باد.
آرزوی سلامتی، موفقیت و نیل به اهدافتان را از خدای متعال خواستارم. شادکام باشید.

14 March, 2009

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Orta aziýada ýörgün bolan Nowruz baýramyň ýetip gelmegi bilen siziň hemmäňizi gutlaýarys.
Goý, bu täze ýyl siziň ojaklaryňyza saglyk, agzybirlik, bagt we üstünik sowgat getirsin!

31 December, 2008

Täze milady ýyl gutly bolsun.

Täze 2009-njy milady ýylyňyz gutly bolsun.
Goý, täze ýyl size saglyk, bagt, üstünlik hem şadyýanlyk getirsin.

07 December, 2008

Gurbanlygyňyz kabul bolsun!

Gurban Baýramyňyz gutly we gurbanlygyňyz kabul bolsun!
قربان بایرامینگیز قوتلی و قربان‏لیغینگیز قبول بولسون!

01 October, 2008

Eýd-Fetr baýramy

Eýd-Fetr baýramyňyz gutly, eden ybadatlaryňyz we tutan orazalaryňyz kabul bolsun.

01 September, 2008

Oraz aýyňyz gutly bolsun!

Ýetip gelen Oraz aýyňyzy gutlamak bilen birlikde, edýän ybadatlaryňyz we tutýan oarazaňyzyň kabul bolmagyny arzuw edýäris.

Bu ýyl Oraza tutmagy, bir näçe musulman ýurtlar duşenbe günden we bir niçesi sişenbe günden başlaýarlar.

Ýeňişiňiz gutly bolsun!

Turkmenstudents saýtynyň beren habaryna görä, Eýranyň ýaş wolleýbalistleri Hytaý oýunçylaryny 3-1 ýeňip, Aziýanyň ýaşlar arasynda geçirilýän oýynlarynyň ýeňijisi bolup, altyn medaly almagy başarypdyrlar.
Eýran oýunçyarynyň arasynda iki türkmeniň bardygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek.
Biz hem öz gezegimizde, bu ýeňiş bilen siziň hemmäňizi gutlasymyz geýär.
Bu oglanlaryň öz oýynlary bilen, öz halkynyň abraýyna abraý goşýandyklary has hem buýsançlydyr. Goý her kim öz edip başarýan işi bilen özüne we şonluk bilen öz halkyna at-abraý getirsin.
(Habar we suratyň alynan ýeri: Turkmenstudents saýty)

05 May, 2008

ÝEŇIŞ

9-nji Maý – faşizmiň ýeňlen güni.
Bu uly ýeňiş bilen hemmäňizi gutlaýarys.
ÝEŇIŞ
Ýanwardamy,
Apreldemi,
Maýdamy,
Ýa başga aýdamy gelerkäň haçan?
Çözülýänçä bu sowalyň jogaby,
Milýon ömürleri äkitdi ajal.

Garaşdyk biz Saňa gözümiz ýolda...
Emma weli, Saňa garaşmak diýmek
Söýgüli bir gyza garaşýan ýaly.
Erik saýasynda ah çekmek, köýmek
däldi. Oňa görä has uly zatdy,
Garaşypdyk Saňa göreşler bilen.
Ol göreşleň niçik göreşdigini
Dine garaşan däl,
Göreşen biler.

Garaşmak, göreşmek - bu iki dogan
Biri arzuw berdi, birisi ynam.
Sol iki doganyň bolan ýerinde
Mydam bola-bola gelýänsiň Senem.

Ahyry biziňki bolmalydyň Sen,
Şeýle boljakdygam anykdy juda,
Ýöne weli, näçe pida çekmeli,
Näçe gerçeklerden düşmeli jyda?
Şonuň anygyny bilemzokdyk biz.
Öňünden çözerden kyndy bu sowal.
Emma weli, näçe pida çeksek-de
Biziň ýelkenmize urýardy şemal.

Arzuwdan, ynamdan dörän şol şemal
Urýardy ýelkene. Dolýardy ýelken.
Şoň ýaly şemalyň bolan ýerinde
Diňe
ilerligne gidiljek eken,
Ölmedikler
Seni gazanyp öldi,
Şeýdip Sen ahyry biziňki bolduň...
Diýmek, bir hakykat meň üçin belli:

Ömür adam üçin gymmat zat. Emma
Ölüm hem gerek zat islände döwür.
Ölümsiz göreş ýok,
Göreşsiz Sen ýok,
Sensiz bolsa,
kime gerekmiş Ömür.
---------------------------------------------------------
Kerim Gurbannepesow, Oýlanma baýry, Sah. 59-60
Aşgabat, Türkmen döwlet neşriýat gullugy, 2007.

18 March, 2008

Bahar baýramyňyz gutly bolsun!



Ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen hemmäňizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
Belkem bu täze ýyl öňki ýyllardan hem düşümliräk ýyl bolsun. Eden isleg arzuwlaryňyza gowuşmagyňyz biziň islegimizdir.
Janyňyz sag, agzyňyz bir we tutan işiňiziň başyndan soňy gür bolsun.

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;