Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

Showing posts with label Türkmen nakyllary we atalar sözi. Show all posts
Showing posts with label Türkmen nakyllary we atalar sözi. Show all posts

02 September, 2011

Türkmen nakyllary we atalar sözi (A_3)

Suw içinde gamyş köpdür, barysynyň ady bir.
Birisinden gant alarlar, birisinden boryýa.

Adam ýamany sopy bolar, agaç ýamany – soky.
Adamynyň ýere bakanyndan gork, suwuň sus akanyndan.
Adamynyň ýetmiş iki damary bolarmyş, onuň biri-de saz bilen suwlanarmyş.
Adamynyň ozalam oglan, ahyram oglan.
Adamyň hormaty özüne bagly.
Adam eli gyzyl gül.
Ady bar-da, özi ýok.
Adyl öler, adalat ölmez.
Ady uly, göwresi kiçi.
Aja – ajy, zagara – künji.
Aja gazan asdyrma, üşäne ot ýakdyrma.
Ajala pul töläp gutulyp bolmaz1.
Ajy bilen süýjini dadan biler, uzak bilen ýakyny äden biler.
Ajy gepletme, doky derletme.
--------------------------------------------------=--------------
1 Ajal umyda güler, Ýeten ajala çäre ýok.



Ajybalgaz çykdy, tebipleriň goly baglandy.
Ajygan ölmez, alňasan öler.
Ajyksaň zähmet çek1.
Ajyksaň, çopan ýanyna, suwsasaň, daýhan ýanyna2.
Ajyň aňy bolmaz, arrygyň – höwri.
Ajyň aňy bolmaz, dokuň – gaýgysy3.
Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz.
Ajy hem bolsa, çyn söz ýagşy.
Az-az öwrenip ussa bolarsyň, işlemeseň – hassa.
Azajyk gaýgyny aş basar, uly gaýgyny iş.
Azan pälinden tapar.
Azapsyz ýeriň ady ýok.
Azaşan yzyny tapsa, aýby ýok.
Azaşanyň aýby ýok, gaýdyp yzyn (öýün) tapansoň.
Açylanyň aýby ýok, özi bilip ýapansoň.
Azaşsaň, köp bilen azaş.
Az aşym, dynç başym.
--------------------------------------------------=--------------
1 Ajyksaň, arpa ek.
2 Suwsasaň, daýhan ýanyna bar, ajyksan – çopan.
3 Aç aň bilmez, arryk – höwür.

28 August, 2011

Türkmen nakyllary we atalar sözi (A_2)

Agyzdan çykan sözi dolanyp alyp bolmaz.

Agyz ýaraşygy diş,
Göz ýaraşygy gaş.

Agyz köpi aşa ýakyn, eliň köpi – işe1.
Agyr otur, ýeňil gop.
Agyr ýük bara (dura-bara) batar.
Agyry aşdan geler, dawa – garyndaşdan.
Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz – toý2.
Adam adama myhman, jan – göwrä.
Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz.
Adam aýbyny ýer ýaşyrar.
Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.
Adam aşda belli, at – daşda.
Adam balasy – iliň lälesi.
Adam bar, gam bar3.
Adam garrasa-da, köňül (göwün) garramaz.
Adamdan gorksaň, kel bilen körden gork.
--------------------------------------------------=--------------
1 Agzy meňli aşa ýakyn, eli meňli işe ýakyn.
2 Ahmyrsyz ölüm bolmaz, jarçysyz – toý.
3 Jan bar – gam bar.

*****************************************************************

Adam bar, gep bar,
Arpa bar, çöp bar.

Adam bardyr, adamynyň nagşydyr,
Adam bardyr, haýwan ondan ýagşydyr.

Adam başy daşdan gaty.
Adam bilenin okar, towuk görenin çokar.
Adam bir çig süýt emen.
Adam gany ýerde ýatmaz.
Adam gulagyndan iglär, gulagyndan-da semrär.
Adam dilinden tapar, haýwan — pälinden.
Adam işden ölmez — igençden.
Adam mes bolsa, zynat islär, garynja mes bolsa - ganat.
Adam miwesi çaga.
Adam sözi adam öldir.
Adam üçin çukur gazma, özüň düşersiň.
Adam ynanmaz (yşanmaz) ýaly sözi düz hem bolsa sözleme.
Adamynyň özüne bakma, sözüne bak.

Adamynyň asly birdir, bir-birinden parhyýa.
Biri başyň agyrydyr, biri gözge totuýa.

26 August, 2011

Türkmen nakyllary we atalar sözi (A_1)

A
Abraý aljak bolsaň, artyk işle.
Abraý bir gyrkylan erkeç1.
Aby Zemzemiň suwundan içenem armanly, içmedigem.
Aw tutanyňky bolar.
Aw ganly bolsun.
Aw awça: – Etiňi iýdirmän, etimi iýdirmen – diermiş.
Awuň müňe etss, ompa oturar.
--------------------------------------------------=--------------
1 Abraý dieniň bir gyrkylan эrkeç, ony tutan ýigidem bolar, tutmadygam bolar.



Awuň ompa otursa, aw etme – awlama.
Agadan ata bolmaz, ýeňňeden – eje.
Agajy içinden gurt iýer.
Agajy ýaşlykda bük.
Agamyň ala gözi, ýeňňemiň sowuk ýüzi.
Agaryp öňe düşme, garalyp soňa-da galma.
Agaç aýran bir paý, hähini beren iki paý.
Agaç garrar, guş pudagyna bir gonar.
Agaç ýokary bolsa, miwesi aşak1.
Agaç miweli bolsa, daş atan tapylar.
Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan.
Agzy açyk aç ölmez.
Agzybire taňry biýr, agzalany gaňrybiýr.
Agzybirler aş getirer, agzalalar kaş getirer.
Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir.
Agzy bilen ak guş alar.
--------------------------------------------------=--------------
1 Miweli agajyň şahasy aşak.



Agzy gowşak ýumşak arar.
Agzy gyşyk-da bolsa, baý gyzy är dannar.
Agzy gyşyk-da bolsa, baý ogly geplesin.
Agzyny aç, dili bolsa gaç.
Agzynda diş ёk, başynda – huş.
Agzyňda aş gatyklama.
Aglamadyk oglana emjek ýok.
Aglamak gör başynda ýagşy.
Aglan agysynda diňer.
Aglasy gelen oglan atasynyň sakgalyny oýnar.
Aglaşmaga öz ýagşy, sylaşmaga ýat ýagşy.
Agsak keýik müň torsuga ýetdirmez.
Agtaran tapar1.
Agşamlygyn tapan эrtirligi gaýgy etmez.
Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri.
Agyz agyzdan ýel alar.
Agyz agyzdan ýelli, gulak gulakdan eşitgir.
--------------------------------------------------=--------------
1 Aňtan tapar.

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;