Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

30 March, 2008

Her bir autistic çaganyň biziň bilmegimizi isleýän on zady

1. Men birinjiden bir çaga. Meniň autizmim bar. Meniň asyl durkum autistic däl. (Meni autizm bilen kesgitlemäň).
Autizm meniň ähli häsiýetlerimiň diňe birje tarapy. Bu meni ynsan hökmünde kesgitlemeýär. Siz birnäçe zehinli, pikirli we duýguly bir adammy ýa-da semiz gözi äýnekli, elsiz-aýaksyz bir adammy? Sizi ilki görenimde mende şeýle pikir döräp biler. Ýöne bu siziň şeýle adamdygyňyzy aňlatmaýar.
Uly adam hökmünde siz özüňizi haýsy tarapdan görkezmek isleýändigiňizi kesgitläp bilýärsiňiz. Çaga hökmünde men heniz muny başaramok. Siz heniz meniň nämä ukyplydygymy bileňizok. Meni bir häsiýetim bilen kesgitlemek menden garaşylýan zatlaryň bolmalysyndan has pes bolmagyna getirip biler. Eger-de men siziň meniň “muny başaryp bilmez” diýip pikir edýändigiňizi duýsam, meniň muňa tebigy jogabym “näme üçin synanyşmaly” diýen düşünje bolýar.

2. Meniň duýgy (sensor) kabul edijiligim tertipsiz (bulaşyk=disordered).
Belki-de autizmde duýgy organlarynyň kabul edijiligi iň çylşyrymly (düşnüksiz) aspektdir. Ýöne bu örän kritiki ýagdaý. Beýle diýildigi, gündelik duşýan, beýleki adamlar üçin belli hem bolmaýan ýönekeý ses, ýagtylyk, yslar, tagamlar we el degirmeler meniň üçin ýiti agyryly bolup biler. Meniň gündelik ýaşamaly bolýan sredam maňa duşmançylykly bolup görünýär. Me size özüni adamlardan çete çekýän we agressiw bolup görünýärin. Emma hakykatdan men diňe özümi goramaga synanyşýaryn. Şonuň üçinem maňa ýönekeý azyk magazinine gitmek dowzaha düşen ýaly täsir edýär:
Meniň eşidiş funksiýam örän ýiti (Hyper active = giper-aktiw). Birnäçe adamyň birden gürleýän sesleri. Ses gataldyjylaryň sesi, ownuk pullaryň şykyrdysy, kofemolkanyň sesi, et çapyjylaryň jygyldysy, çagalaryň gykylygy, arabalaryň jygyldysy, fluressent çyralaryň jyrryldysy. Meniň beýnim bu sesleri filtr edip kabul edip bilenok. Şonuň üçinem maňa agram düşýär.
Meniň ys alyş duýgymyň örän duýgur bolmagy mümkin. Et prilawkasyndaky balyk täze däl, biziň ýanymyzda duran adam şu gün duş almandyr, asylyp goýlan kolbasalaryň priprawalarynyň (ادویه‏جات) ysy örän ýiti, ol duran çaganyň arlygy arassa däl, pol ýuwulýan himikatlryň ysy... Men olaryň hemmesine çydap bilemok. Meniň erbet ýüregim bulanýar.
Meniň görüşim hem güýçli bolup biler. Fluressnt çyralaryň yşygy diňe bir beter ýagty bolman, eýsem olar erbet jyrryldaýar. Otagyň ýagtylygy beter güýçli we bu meniň gözümi agyrdýar. Otagyň pulsasiýasy (puls) ýagtyny hemme zadyň üstüne bökdürýär. Meniň gözýetimim hemişe üýtgäp duran ýaly. Äpişgelerden düşýän ýagty hem üstesine. Meniň üçin ünsüni jemlemek kyn. Ýene potolokda (سقف) hereket edýän wentilýatorlar (پنکه); hemişe hereket edip duran zat kän. Bu zatlar meniň westibulýar () hem propriesptiw (وابسته به عصب خود پذير) duýgularyma täsir edýär. Men öz bedenimiň nirededigini hem duýup bilemok.

3. Etjek däl(men etmezligi saýlaýaryn) bilen edip bilemok (islesem islemesem men edip başaramok) sözleriniň tapawudyny biliň.
Dil we sözler meniň üçin uly kynçylyk (problema) bolup biler. Bu meniň siziň instruksoýalaryňyzy diňlemeýänimi aňlatmaýar. Bu meniň siziň aýdýan sözleriňize düşünmeýändigimi aňladýar. Siz meni başga otagdan çagyranyňyzda men şuny eşidýärin: "*&^%$#@, Billy. #$%…" Meniň ýanyma gelip, ýönekeý sözler bilen: “Billy, kitabyňy stoluň üstünde goý. Nahar wagty boldy” diýseňiz, men siziň näme isleýändigiňize we indi näme etmelidigine düşünerin. Bu ýagdaýda maňa siziň diýeniňizi etmek aňsat düşýär.

4. Men gönümel pikir edip başarýaryn.
Bu meniň sözleri diňe göni manysynda kabul edýändigimi aňladýar. Maňa kinaýaly, göçme manyly sözleri aýtmaň-da, gönümel aýdyň. Idiomlar (اصطلاحات), kalamburlar (بازی با کلمات), logiki (منطقی) netijeler, metaforalar (استعاره), kinaýalar... meni aljyradýar. Men olara asla düşünemok.

5. Meniň çäklendirilen sözlük sostawyma (کمبود لغات) çydamly bol.
Maňa meniň duýgularymy söz bilen düşündirmek kyn.Sebäbi meniň sözlük sostawym juda çäkli. Belki-de men açdyryn, keýpim gaçandyr, bir zatdan göwnüm galandyr, başym çaşandyr...Ýöne şu wagt men bu duýgulary aňlatmaga söz tapamok. Meniň hereketlerimden, görkezýän belgilerimden... meniň ýagdaýyma düşünjek bol.
Käwagt men siziň gözüňize “kiçijik professor” ýa-da kino ýyldyzy ýaly bolup görünmegim mümkin.Sebäbi men käte öz ýaşytdaşlrymyň başarmajak ýa-da kellesine gelmejek işlerini etmegim ýa-da sözlerini aýtmagym mümkin.Ýöne bular meniň daşky sredadan (محیط): kitaplardan ýa-da telewizordan, manysyna düşünmezden ýat tutan zatlarymdyr. Muňa “echolalia” (تكرار و تقليد سخنان‌ ديگران‌‌) diýilýär. Men aýdýan sözlerimiň manysyna düşünmeýärin. Ýöne olar meniň dilime gelýär.

6. Dil öwrenmek meniň üçin kyn bolanlygy sebäpli, men görmek arkaly öwrenýärin.
Maňa zat öwredeniňizde ony diňe aýtmaňda, eýsem ony nädip etmelidigini görkeziň. Onsoňam şol bir zady birnäçe gezek görkezmeli boljakdygyňyzy ýatda saklaň. Şol bir tertipde yzygiderli gaýtalanylyp durmalar maňa öwrenmäge kömek edýär.
Maňa gündelik gaýtalanyp duran raspisaniýe (برنامه) örän peýdaly. Bu maňa bir zat edenimden soň indi nämä taýýarlanmalydygymy görkezýär. Bir işden başga bir işe ýuwaşlyk bilen geçmäge mümkinçilik berýär. Maňa wagtdan haýyrlanmaga we siziň garaşýan netijäňize ýetmäge kömek edýär.
Wagtyň geçmegi bilen men hemme zady görüp öwrenmek zerurlygyndan (häsiýetimden) el çekmegim hem mümkin. Ýöne men okamagy öwrenmezimden öň suratlary görüp, olary tanap öwrenmeli. Meniň ulaldygymça simwollardan, suratlardan söze – gepleşige geçmegim hem mümkin.

7. Meniň nämäni edip bilmeýänligime däl-de nämäni edip bilýänligime üns ber.
Men hem beýleki adamlar ýaly, ynamsyzlyk bilen seredilende maňa-da öwrenmek has kynlaşýar. Meniň özüme ynamym has hem peselýär. Men tankytdan gorkup, birzat etmäge synanyşyp hem bilmeýärin. Meniň güýçli taraplarymy gözle. Sen olary hökman taparsyň. Bir zady dogry etmegiň birnäçe ýollary bardyr.

8. Maňa daşary dünýä bilen aragastnaşyk açmaga kömek et.
Men çagalar meýdançasyna baranymda hiç kim bilen oýnamaýaryn. Bu meniň olar bilen oýnasym gelmeýänini aňlatmaýär. Belki-de men olaryň ýanyna baryp. Gepleşige we oýna başlamagy başarýan däldirin. Eger-de sen başga çagalary meni oýna çagyrar ýaly etseň. Meniň hem olar bilen oýnamagym we oýundan lezzet almagym mümkin.
Men başy hem soňy belli bolan konstruksiýaly oýunlary gowy oýnaýaryn. Men başgalaryň emosiýalaryny ýüzünden okap bilemok. Eger-de men Emily ýykylan wagty gülsem, Bu meniň onuň üstünde gülýänimi aňlatmaýar. Men bu ýagdaýa laýyk gelýän reaksiýany (واکنش) nähilin görezmelidigini bilmeýärin. Sen maňa “ Saňa hiç zat bolan däldir-ä” diýmäni öwret.

9. Özümi erbet alyp baryş tutgaýlarymyň (هیجانات عصبی) sebäbini tapjak bol.
Bu ýagdaý meniň üçin size bolşundanam agyr. Bu ýagdaýlar meniň bir ýa-da birnäçe duýgularyma çendenaşa agram düşýändigini aňladýar. Eger sen olaryň jogabyny tapsaň olaryň öňüne geçip bolar. Sen olaryň bolýan wagtyny, ýagdaýlaryny, haýsy adamlar bilen bolýanlygyny belle. Onuň sebäbiniň tapylmagy mümkin.
Bularyň hem aragatnaşygyň bir görnüşidigini ýadyňda sakla. Men söz bilen aýdyp bilmänim üçin öz ýagdaýymy şeýle habar bermäge mejbur bolýaryn.

Ene-atalar, ýadyňyzda saklaň: çaganyň özüni alyp barşynyň medikal sebäbi hem bolmagy mümkin. Haýsydyr bir nahara allergiýa, ukynyň bozulmagy, aşgazan-içege problemalary hem çaganyň özüni alyp barşyna täşir etmegi mümkin.

10. Meni hiç hili şert goýmazdan gowy gör.
“Eger-de ol şeýle bolan bolsady”, “Näme üçin ol ... başaranok?” diýen pikirleri ýadyňdan çykar. Seniň özüň hem eneň-ataň senden garaşan hemme zatlaryny eden dälsiň. Men autizmi saýlap almadym. Ýöne ýadyňda sakla: sen däl-de men autistic. Seniň kömegiň bolmasa meniň üstünlikli geljegim, özüme ynamly uly adam bolup ýetişmegim mümkin däl. Seniň kömegiň hem ýolgörkezijiligiň bilen meniň mümkinçiliklerim seniň pikir edişiňden has giňdir. Ynan bu edeniňe degýän kömekdir.
Ahyrynda-da üç söz: Çydam. Çydam. Çydam.
Meniň autizmim hakynda hiç zada ukypsyzlyk hökmünde däl-de özboluşly ukyplylyk hökmünde seret. Maňa seret, autizmiň maňa beren kemçilikleri bilen birlikde onuň maňa beren birnäçe artykmaçlyklaryny hem gör. Dogry men gepleşmekde we adamlar bilen gatnaşyk etmäge ökde däl. Ýöne sen üns beren bolsaň, men ýalan sözlämok, oýunlarda aldamok, klasdaşlarymy şugullamok... Dogry men ikinji Michael Jordan bolup bilmerin. Ýöne meniň detallary başgaça görmek ukybym hem duýgularymyň güýçli ösenligi sebäpli, men indiki Einstein, ýa-da Mozart, ýa-da Van Gogh bolmagym mümkin.
Bularuň hemmesi sensiz mümkin däl. Meniň goragçym bol, meniň dostum bol, onsoň biz meniň üstünliklerime guwanarys.

Bu tekst şu ýerden alnyp terjime edildi.

18 March, 2008

Bahar baýramyňyz gutly bolsun!



Ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen hemmäňizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
Belkem bu täze ýyl öňki ýyllardan hem düşümliräk ýyl bolsun. Eden isleg arzuwlaryňyza gowuşmagyňyz biziň islegimizdir.
Janyňyz sag, agzyňyz bir we tutan işiňiziň başyndan soňy gür bolsun.

05 March, 2008

Berdi Kerbabaýewiň "Myraly" hekaýatlar toplumyndan

Biz adam dälmi?
Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege höküm edip bilmändir. Ol Myrala ýüzlenip:
- Heý siňegiň, ýok ýeri barmyka? - diýip sorapdyr.
Myraly oňa:
- Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! - diýipdir.
Soltansöýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip oýlanypdyr-da:
- Atlan! - diýipdir.
Olar bir çöl beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyzz edip gelipdir-de, Soltansöýüniň ýanyna gonupdyr. Soltansöýün Myrala garap:
- Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu näme siňek dälmi? - diýipdir.
Myraly oňa:
- Ikimiz näme adam dälmi? - diýip jogap beripdir.
.---------------------------------------------------------------------------------------------.
Gysga ýorgan

Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany başaşak kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr, wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar.
Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan:
- Myraly, sen ýokmusyň? - diýip gygyrypdyr. Myraly oňa:
- Soltanyň gahary gelmese, ýetireýin - diýipdir.
Soltansöýüniň ýorganyň, aşagyndan sesi çykypdyr:
- Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler.
Myraly ýanyndaky gamçyny alypdyr-da, Soltanyň ýalaňaç injiklerine mäkäm çalypdyr. Soltanyň aýaklary şol bada ýorgana çolanypdyr.
Soltan ýerinden galyp:
- Näme üçin urduň? - diýip soranda, Myraly oňa:
- Buýrugyňa emel edip, ýorgany aýagyňa ýetirdim. Aslynda sen näme üçin ýorganyňa görä aýak uzatmadyň? - diýip jogap beripdir.
.---------------------------------------------------------------------------------------------.
Näme üçin ýylgyrýar?

Soltansöýüni bir baý toýa çagyrypdyr. Soltansöýün Myrala ertir daňyň alagaraňkysynda ugrarys, şaýyňy tutup ýatgyn diýip tabşyrypdyr.
Myraly ony geňirgäp:
- Näme üçin alagaraňkyda? - diýip soranda, ol oňa:
- Günüň doganyny görmälimize kän wagt boldy. Güni ýolda doguraly - diýip, jogap beripdir.
Soltansöýün ondan soň hyzmatkärlerine:
- Myralyň atyna iým bermäň-de, torbasyna gor salyp geýdiriň - diýip tabşyrypdyr.
Myraly Soltansöýünin, jogaby bilen kanagatlanman, garaňkyda ugramakçy bolanyna bir sebäbiniň baryny aňlap, gije atyna atlanmaga barypdyr. Görse, atynyň erinleri syrtaryp, dişleri ýalpyldap görnüpdir. Myraly onuň Soltansöýünden ýetenini bilip, ahmalyna garap barypdyr-da, onuň münjek atynyň guýrugyny düýbünden kesipdir.
Olar daňyň, alagaraňkysynda ugrap, güni ýolda dogrupdyrlar. Soltansöýün yzyna gaňrylyp seredipdir-de, hahahaýlap gülüpdir:
- Myraly seniň atyň nämä ýylgyrýarka? Myraly oňa:
- Soltanym, seniň atyň guýrugyna ýylgyrýan bolmasa – diýip jogap beripdir.
Soltansöýün atynyň guýrugyna gözi düşenden, atynyň başyny yzyna dolapdyr. Myraly şonda:
- Soltanym, ýakma - bişersiň - diýipdir.
Berdi Kerbabaýew. Japbaklar. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2007. Sah. 155-157

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;