Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

25 April, 2009

Çak-Çen

Özüňe ynam gerekdir, welin
ýeg çykmasa akyldan.
Dünýä garaýyş hem gerekdir, welin
ýeg çykmasa ylymdan.


-----------------------
(Çak-Çen حد و مرز)
(Özüňe ynam اعتماد به نفس)
(Dünýä gararýyş جهان‏بینی، ایدئولوژی)

14 April, 2009

Bir näçe türkmen frazeologik söz düzümleri

Dil öwrenmek prosesinde frazeologik söz düzümleri biraz kynçylyk döredyär. Şeyle-de bolsa frazeologizmler janly dilde örän kän ulanylýar hem-da olar dili bezeýär. Oňa gözellik berýär. Dili has durmuşa ýakyn we akgynly edýär. Biz şu yerde Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we Edebiýat Instituty tarapyndan taýýarlanyp neşir edilen "Türkmen diliniň frazeologik sözlügi", 1976-njy ýyl, kitabyndan birnäçe frazeologik söz düzümlerini size hödürlemekçi.

Awa salmak -- tazyny, eldeki guşlary aw awlamak üçin goýbermek, aw etdirmek.
Garçga, laçyn guşun alsaň, itengini awa salsaň,
Aýdar Baýram tilin biseň, şaglap iner bürgütleri.
(Baýram şahyr)

Awa salynjak tazy ýaly -- galagoplyk ýagdaýynda, aljyraňňy, howsalaly halda.
-- Ahaw, sen çynyrgadyp barýarsyň-la, men bir hili awa salynjak tazy ýaly galpyldap başladym.
(A. Durdyýew)

Aw bolmak -- heläk bolmak; pidasy bolmak, bir zada ýolugyp, horluk çekip ölmek.
Näme üçin "Çarwa" kolhozynyň mallary gyşyň ilkinji awy boldy?
(N. Pomma)
Aw ganly bola! -- awuň şowly bolsun!
Ýeri, Mergen, aw ganly bola, guşa uçradyňmy ýa keýige?

Aw ganlymy, janly? -- aw şowlumy, ýa şowsuz?
-- Gowy edipsiň, Şadurdy, aw ganlymy, janly? -- diýdi.
(N. Pomma)

Aga -- ak, gara -- gara diýmek -- hakykaty aýtmak, ýüz görmezlik, gönüsinden gelmek, falplaşdyrmazlyk.
Köşgüň häkimine ýaranjak bolup, ýallaklaýan küşk hadymlary aga -- ak, gara -- gara diýmäge-de çekinýärdiler. (T. Taganow)

Aga-gara düşünmek -- ýagşyny-ýamany seljermek, gowyny-erbedi saýgarmak, aň-düşünjäň artmak, gözýetimiň giňemek.
Aga-gara düşýänleri elden gelenini etdiler. (Ç. Aşyr)
Indi aga-gara düşýäris. (D. Esenow)

Agaç ýuwdan ýaly -- dim-dik bolup somalyp duran (adam barada)
Mätýakup darga agaç ýuwdan ýaly, başyny dim-dik tutup ýöreýärdi.
(B. Seýtäkow)
Çakan näme agaç ýuwdan ýaly bolup dursuň. (T. Esenowa)

Agza aňkarmak -- 1. Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.
Garrylaryň agzyna aňkarmazlar-da, öz etjrgiňi edibirler... (A. Gowşudow)
Öz yanyndan ol adam hem Hoşgeldini "sary agyz", göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady.
(A. Gowşudow)
2.Biriniň aýdan sözüne haýran galyp, dykgat bilen diňlemek.
Baý ogly ertekiçiniň agzyna bizden beter aňkaryp otyrdy. (N.Saryhanow)

----------------------------------------------
"Türkmen diliniň frazeologik sözlügi", "Ylym" neşirýaty, Aşgabat, 1976, 9-10 sah.

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;