Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

24 June, 2008

Türkmen diliniň sözköki sözlügi

Türkmenistanly alym Soltanşa Atanyýazowyň "Türkmen diliniň sözköki sözlügi" bilen tanyş etmek üçin bir näçe sözüň gelip çykyşyny görkezýän sözleri bu ýerde siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Iňňe - Türki dillerde igne, iňne, inne, iňňe. iýne ýaly şekillerde duş gelýän bu sözün aslyny dilci alymlar gadymy ýik/ýig sözünden çaklaýarlar, -iň/in we -e bolsa at ýasaýjy goşulmalardyr. Ýik/ýig sözüniň manysy - «tik (inek)», tutuşlygyna iňňe (ýig-ne) sözüniň manysy bolsa «tikijidir». «Tik» (tikmek) manysynda türki dillerin kahirinde ýik, gyrgyz dilinde bolsa çik sözi ulanylýar. Şu ýik sözünden hem iňňe sözi ýasalypdyr: ýikne < ýigne <>. Orus dilindäki igla sözi hem igne diýen türki sözdendir.

Iňňeçi - Howada bir duran ýerinde butnaman durup bilýän iki ganatly bu möjejige edebi dilde teneçir diýilýär, ýöne türkmen şiwelerinde onun iňňeçi. igneçi, temençegaryn, türki dillerde-de inelik (gazak, garagalpak, nogaý, ine - «iňňe»), iýnelik (gyrgyz), ninaçy (Özbek, nina - «iňňe»), ene karagy (başgyrt. tatar, «iňňe ogrusy»), ýep warri (çuwaş, «iňňe ogrusy») ýaly atlary duş gelýär. Iňňe bilen bagly bu atlar teneçiriň bedeninin iňňä (temene) meňzedilmegi bilen bagly dakylypdyr we bu möjejigiň keşde çekip oturan gyzyň iňňesini «ogurlanlygy» harada rowaýat hem döredilipdir.

Iňrik [iňrik] - «Türkmen dilinin sözlüginde» «Gün ýaşyp, garaňky düşüp başlan çag» diýlip düşündirilýän bu söz gadymy türki dilde iňir görnüşinde bolup, ol «daň», «säheriň ümüş-tamşy» ýaly many aňladypdyr. Biziňçe, iňir köki diňe bir daňdanyň däl, eýsem Gün batandan sähel soňky wagtyň alagaraňkylygyny hem aňladýar. Muňa iňrik sözüniň türkmen, iňir sözüniň garaçaý dillerindäki «şam ümüş-tamşy» manysy hem güwä geçýär. Beýleki türki dillerde-de bu sözün manylary şeyle: iňin (MK, altaý, gyrgyz, garagalpak), iňir (gazak), inger (başgyrt, tatar), enerek (çuwaş) - ählisi «alagaraňky» diýen manyda. Diýmek, iňir sözüniň iň köki eň («eňmek») sözi bilen asyldaş bolup, ol Günün gözýetimden aşakdaky, onun eňňidindäki wagtyň (daňyň we şamyň) ümüş-tamşyny aňladýar. Iň sözi sonra at ýasaýjy -ir, yzyndanam aňryk, bärik, ýokaryk ýaly sözlere goşulan -ik goşulmasyny kabul edipdir.

Irmek [i:rmek] - «Bizar bolmak», «bezmek» ýaly many aňladýan bu sözün ir köki ýig (ser. Ýigrenmek) sözünden we at ýasaýjy -ir goşulmasyndan durýar: ýig-ir.

Islemek - «Gözle», «agtar» manysyndaky isle sözi yz (y:z) sözüniň iňňän gadymy is sekilinden we işlik ýasaýjy -le goşulmasyndan durýar. Wagtyň geçmegi bilen şol bir kökden dörän isle we yzla sözleri biri-birine ýakyn, emma aýry-aýry düşünjeleri aňlatmaga başlaýar. Yz sözünde y, şiwelerde isle sözünde hem / sesinin uzyn aýdylýandygy (y:z, i:sle) bu gady­my sözün / sesindäki uzynlygyň etimologik häsiýetlidigini görkezýär.

Işbil, oguldyryk - «Balyk tohumy» manysyndaky işbil sözi türkmen dilinden beýleki türki dillerde duş gelmeýär. Bu sözün kenarýaka türkmen ilatynyň döreden adalgasy bolmagy mümkindir. Biziňçe, bu söz «balyk tohumy» manysynda yüze çykan bolmaly. Ony işbiliň geçmişde ulanylan oguldyryk ciiýen ady hem tassyklaýar (A.Alyýew, K.Böriýew. Russko-turkmenskiý slowar. - Aşhabad, 1929). Oguldyryk sözi bolsa «nesil», «tohum» diýen manydadyr. Bu sözün beýleki türki dillerde ulanylyşy şeyle: uwyldyk (nogaý. Manysy: «oguljyk»), uyldyk/uyldyryk (tatar, başgyrt, nogaý, gazak. garagalpak), walça (çuwaş. ywal - «ogul», -ça - kiçeltmekligi bildirýän goşulma: «oguljyk». ýagny «nesil», «tohum» ýaly manyda) we ş.m.

Işik [i:şik] - «Öýüň gapysy» manysyndaky işik sözi «ýarmak», «böwüsmek». «açmak», «arasyny açyp, ýel, howa, yşyk geler ýaly etmek» manysyndaky iş (i:şmek) we at ýasaýjy -ik goşulmasyndan durýar. Öýüň gapysy hökmünde öň keçe, kakma, kilim ýaly galyň örtükler ulanylypdyr. Ol bir ýana serpilip (işilip) hem öýe girilip-çykylypdyr. Oňa işik diýlipdir. Bu sözden ýasalan adalgalara ýene mysallar: i:şgek (şiwe sözi) - «kürek», ýagny suwy böwsüp, gaýygy herekete getiriji gural; iýşmek - «küreklemek»; iýşmek: oduň garnyny iýşmek -baslygyp, tüsseläp, ýanyp bilmän duran topbak odunyň ortasy-ny gowzadyp, oňa ýel barar ýaly etmek; garnyny iýşmek -«garnyny silkmek»: Güpbasdy edilen ýekegapan ol baýyň garnyny iýşäýipdir; eşik - öňi açylyp-ýapylýan üstki geýim we ş.m. ýene-de ser. lýşme.

Işmek [i:şmek] - iki gatdan ybarat ýüpi ellerin aýasynda owkalap, tow berip birikdirmegi aňladýan bu sözün iş köki aslynda iý sözünden we -iş goşulmasyndan durýar: iý+iş.

Işşek - Guzulykdan saýlanan ýaş goýny aňladýan bu söz kabir türki dillerde we türkmen şiwelerinde şişek görnüşinde-de ulanylýar. Aslynda bu söz çi:şik bolup, çiş sözünden we -ek, -ik goşulmasyndan durýar: çişik - şişik - işşik - işşek. Yaş malyň semiz bolýanlygy üçin, oňa şeyle at dakylypdyr. Türk alymy Ismet Eýuboglunyň bu sözi pars dilinden alnan adalga hasaplamagy nädogrudyr.
(sah. 206-208)
"Türkmen diliniň sözköki sözlügi", Aşgabat "Miras" 2004.

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;