Makala, hat we bellik ýollajaklaryň dykgatyna:

* Türkmen edebiýaty, taryhy we medeniýeti ugurdan bu (site) saýta ýazylýan makalalaryň, hatlaryň we bellikleriň dogry ýa nädogrydygyna ýazan adamlaryň özleri jogapkärdirler.
* * Iberilen maklalar, hatlar we bellikler diňe orfografik we grammatik ýalňyşlary bolsa düzediljekdir.
* * * e-mail salgymyz: turkmen.ca@gmail.com
Hormatly ýaşulylardan we ýaşlardan (şu site/saýtyň üsti bilen) öz tejribelerini we döredijiklerini hemmelere elýeter etmeklerini haýyş edýäris.
حـرمـتـلـی یاش‏اولی‏لاردان و یـاشـلاردان (شـو سـایت‏ینگ اؤستـی بیـلن) اؤز تجـریبه‏لـرینی و دؤره‏دیجیلیکـلرینی هـمـّه‏لره ال‏یتـر اتمکـلرینی خـواهـش ادیاریس.ـ
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ‏ ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا

07 January, 2008

“Etemad” gazetiniň Muhammetguly Haji Iriden we Baýramgeldi Bermekden alan interwýuy

Eýranyň “Etemad” gazeti Bender Türkmeniň Yslam Şura Mejlisindäki wekilinden golaýlykda bir ýaş balykçynyň Deňiz Goraýjylary tarapyndan öldürlenligi hakda interwýu aldy.
http://www.etemaad.com/Released/86-10-12/213.htm

Bender Türkmeniň wekili Muhammetguly Haji Iri şeýle diýdi: “Şu wagta çenli üç gezek mejlisiň tribunasyndan, (gün tertibiniň öňünden) Bender Türkmende kanuny bozup, balykçylara ok atýarlar. Elbetde Deňiz Goragçylaryň aýdyşlaryna görä birnäçe balykçylar hem kanuny bozup Deňiz Goraýjylara ok atýarlar.” Iri şol çykyşlarda Içeri Işler Ministrliginden we Oba Hojalyk Ministrliginden bu wakalar hakda sorandygyny we iki gezek hem prezidente hat üsti bilen ýüzlenendigini, emma gynansa-da henize çenli olardan jogap almadygyny – nygtap aýtdy. Bender Türkmeniň Yslam Şura Mejlisindäki wekil şeýle diýdi: “Biz hem bikanun awa çykmagyň öňüne geçmeli diýýäris, ýöne balygyň esasy (awçylary we) olaryň azalmagyna sebap bolýanlara, işbiliň uly gaçakçylaryna we arada durýanlara şeýle bir garşylyk görkezýärler welin olaryň burnundan (bir damja) gan hem dammaýar. Balykçylara jeza bermeli bolsa kanun esasynda bolsun.” Iri wakalaryň esasy sebäbi bolan işsizligiň üstünde durup şeýle diýdi: “Adamlara iş ýerlerini döredip bermeli. Bir garyp obala “Açlyk çek!” - diýip bolmaz.

Baýramgeldi Bermek, Kalale we Minudaşdtyň wekili “Etemad” gazetine şeýle diýdi: “Deňiz Goragçylaryň kanun we düzgünnamasy bar. Olar şondan ýörelge almaly. Eger-de adamlar “Deňiz Goragçylary” karam edendir oýdýan bolsalar sud (kazyýet) instasiýalary (maraje) olaryň işlerini barlap kanun bilen derňäp görmeli. Eger-de balykçylar günäli bolsa oňa hem ýetişiklik etmeli. Bermek karam we jeza aragatnaşygyna degişli şeýle diýdi: “Rugsatsyz balyk tutmak karam, emma onuň jezasy ölüm däl. Her-ne kanunçylar bu wakanyň bilip ýa-da bilmezlikden bolandygyny anyklap bilerler.” Ol işsizligi aradan aýryp başarjak proektlere we döwlet bu regiona aýratyn üns bermelidigini nygtap “Şäherde Şura, Kethudalyklar we başga ýerine ýetiriji organlar ýaşlara iş ýagdaý döretmeli.” - diýip aýtdy. “Portuň gämi duralgalryny güýçlendirmeli. Bazarçalar döredip, kiçiräk we peýdaly önümçilik proektler bu regionyň işsizlik meselesini çözer. Şeýdilse dogurdanam şäheriň ýaşlary rugsatsyz balyk awlamagy taşlarlar. Sebäbi diňe garyplyk we ondan gelip çykýan ruhy dertler adamlary şu işlere tarap itýär.” - diýip belledi.

No comments:

Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!

خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************

EcoNews RSS Feed

آفتاب

ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی

خبرگزاری مــهر

DW-WORLD´s Persian Homepage

BBCPersian.com | صفحه نخست

BBC News | World | UK Edition

CBC | World News

The Globe and Mail - World News

Яндекс.Новости: Главные новости

Rambler Mass Media: Главные новости

Sözlük سـؤزلـؤک

اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person

,;