Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا
2007-nji ýylda Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenilip birnäçe kitaplar çykaryldy.
Olaryň biri hem
Berdi Kerbabaýewiň “
Japbaklar” ýygyndysydyr. Bu kitaba ýazyjynyň “Japbaklar” powesti, “Myraly” hekaýatlar toplumy we “Jonnuk batyr” ertekisi girizilipdir. Oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň hem-de G. H. Andersen adyndaky Halkara çagalar baýragynyň hormatly diplomynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýew sözbaşy ýazypdyr.
Görnükli türkmen prozaçysy Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Ata Gowşudowyň “
Dordepel” ady bilen çykan kitabyna onuň “Dordepel” powesti hem “Gajar aga” hekaýasy ýerleşdirilipdir. Bu kitaba ýazyjy Kömek Kulyýew “Dordepel hakda dessan” ady bilen sözbaşy ýazypdyr.
Zehinli prozaçy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestini hem “Kitap” hekaýasyny öz içine alýan ýygyndysy “Şükür bagşy” ady bilen çap edilipdir. Bu kitaba ýazyjy Osman Ödäýew sözbaşy ýazypdyr.
Uly ýaşly türkmen okyjylarynyň köpüsi bu ajaýyp eserler bilen çagalykdan tanyşdyrlar. Biz bu eserleriň häzirki zaman türkmen ýaş okyjylarynyň hem söýgüsini gazanjakdygyna ynanýarys.
Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!
خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگMunuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com*********************
Sözlük سـؤزلـؤک
اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگÖz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;
1 comment:
удачи и здоровя в новом году!
Post a Comment