Iki sany dost bar ekeni. Bularyň biri gaty agyr syrkawlapdyr. Beýlekisi ony soramaga gelýär-de, syrkawyň ýüzüne seredip:
— Ýeri, dost, ýagşymysyň? Meni tanaýarmyň? - diýipdir.Syrkaw gözüni açyp:
— Men-ä bilemok, soňky alanym bolaýmasaň - diýýärwelin, soramaga gelen dostunyň gahary gelip:
— Adam tanaýşyň şu boljak bolsa, gutulmanjyk geçersin -diýip, öýkeläp çykyp gidýär.
ET SÜÝJÜLIGINI GOÝSA ...
Geldi diýen bir adam bolup, özem ogry eken. Bir gün ony et ogurlygynyň üstünde tutanlar. Il-gün oňa:
— Geldi aga, sen ogurlygyňy goý, mundan iş bolmaz- diýenlerinde, ol:
— Eger et süýjüligini goýsa, men hem ogurlygymi goýaryn - diýipdir.
HIÇ BIRI HEM GEÇMEZ
Bir üýşmeleňde bir molla gürrüň edip oturan eken:
— Syrat köprüsi gyldan inçe, gylyçdan hem ýiti...Şol wagt oturanlaryň biri:
— Bä... Öwlüýäjan kessin, munuň inçeligini. Ýoluň şobolsa, biziň obamyzdan-a bir adam hem geçmez - diýipdir.
Bir adam dälihana baryp, dälileri synlap duruberýär. Bularyň haýsysyny görse, maýyp-müjürip eken. Ol adam dälileriň birinden:
— Näme üçin siziň hemmäňiz diýen ýaly maýyp-müjürip?- diýip soraýar. Onda dälileriň biri:
— Biz alma bişdi oýnaýarys - diýen. Sag adam ýenedäliden:
— O nähili oýun - diýip sorapdyr.
— Biz saňa görkezäýäris - diýip, ýaňky däli beýleki dälilere ýüzlenipdir:
— Hemmäňiz ýeriňize geçiň.
Ol şeýle diýenden, dälileriň hemmesi agaçlara dyrmaşypdyr. Başky däli:
— Pylanyýew, sen bişdiň - diýip, dälileriň atlaryny tutup başlapdyr. Dälilerem bir-birden patlap, ýere gaçyp başlaýarlar. Sag adam bularyň oýnuny görüp, sesini çykarman gidiberipdir.
Türkmen şorta sözleri, Aşgabat “Miras” 2004