Eýranyň “Welaýat Fagyh” režiminiň amala
aşyran elhenç jenaýatyna 19 ýyl boldy
19 ýyl mundan öň Eýranyň “Welaýat Fagyh” režimi elhenç jenaýaty amala aşyrdy. 1988-nji ýylyň tomsynda bütin Eýranyň türmelerinde otyran syýasy tussaglardan 5000-e golaýy ýok edildi. Elbetde onda gurban bolanlaryň, atlary, sany we haýsy günä üçin şeýle jeza berlendigi henize çenli anyk däl.
Ol ýylyň (1988) tomsynda, ýurdy berbat ediji uruş syýasaty puja çykyp, Homeýni “zähär jamyny” başa çekenden soň, parahatçylygy söýyän Eýran halkynyň gözüniň odyny almak üçin, gös-göni onuň buýrugy we režimiň başga ýolbaşçylarnyň gatnaşmagy bilen şeýle jenaýat amala aşyryldy. Bu jenaýaty diňe faşistleriň “Aşweýts” (rusça=Освенцим, Iňlisçe=Auschwitz, farsça=آشویتس) ölüm lagerlerinde bolan jenaýatlar bilen deňeşdirip bolar. Bu gün Eýran halkynyň öňdebarjy güýçleri tarapyndan “Milli Pajyga” güni diýip atlandyryldy.
Bu şum wakadan 19 ýyl geçdi, režimiň ýolbaşçylary bu elhençligi ýaşyrjak bolýarlar, emma hakykatyň kä bir bölekleri Eýran halkyna we dünýä köpçüligine äşgär boldy.
1988-nji ýylyň tomsynda, Homeýni “Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsyzlyk Şurasynyň” 598-nji belgili kararyny kabul etdi, ol ylalaşyk “zähär jamyny” içip, millete garşy syýasatynyň netijesinde emele gelen galagoplykdan (krizisden) çykmak üçin, we halkyň demokratiýa- azatlyk ugrundaky hereketiniň öňüni almak maksady bilen türmelerde bu şum planyny amala aşyrdy.
Ol syýasy tussaglaryň işleri öň sudlarda (dadgahlarda) seredilip olara ýyl kesilipdi. Olaryň bir topary bolsa aklanypdylar, emma olar diňe öz ynamyndan ýüz öwürmän, “toba nama” (puşman hatyny) ýazmadyklary üçin türmede saklanyp galypdyrlar. Syýasy tussaglaryň hemmesi ýene bir gezek “inkwizisiýa” (dünya garaýyş-pikir barlama) toparyna çagyrylypdylar, emma olar oňa baş egmän, öz ynamlaryndan, pikirlerinden we dünýä garaýyşlaryndan ýüz öwürmänligi üçin, olara ölüm jezasi berildi. Bu jenaýat hiç hili kanuna, hukuga, adamkärçilige we ahlaga gabat gelmeýär. Režim şu güne çenli ol şehitleriň nirede topraga tabşyrlandyklarny ýaşyryp gelýär.
Biz bu wakany ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Ondan sapak almagymyz we tejribe gazanmagmyz gerek. Sebäbi, şu güne çenli hem režim şol syýasatyny dowam etdirip gelýär.
Şol şehitleri ýatlap, olaryň ýolyny dowam etdirjegmize äht baglaýars. Türkmen weblagy hem bütin öňdebaryjy we göreşjeň güýçler bilen bir hatarda, hemme “milli pajyganyň” gurbanlarnyň maşgalalaryna we ýakyn garyndaşlarna raýdaşlyk bildirýär. Bu jenaýaty amala aşyranlary halka aýan edip, olaryň degişli sudlarda (dadgahlarda) jogapkärçilige çekilmegini talap edýär.
Ýazan: Köpetdag
Myhmanyň ýürek sesi...
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا
08 September, 2007
Elhenç jenaýata 19 ýyl boldy
Subscribe to:
Post Comments (Atom)
Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!
خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************
EcoNews RSS Feed
آفتاب
ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی
خبرگزاری مــهر
DW-WORLD´s Persian Homepage
BBCPersian.com | صفحه نخست
BBC News | World | UK Edition
CBC | World News
The Globe and Mail - World News
Яндекс.Новости: Главные новости
Rambler Mass Media: Главные новости
Sözlük سـؤزلـؤک
اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;
No comments:
Post a Comment