Ýazan: A. Gürgenli
Biri bar eýdi, biri ýok eýdi mawy asmanyñ astynda jennete meñzeş türkmen ilinde Alla tagaladan başga Gaýgysyz diýen adyl bir soltan bar eýdi. Onuñ Erkin diýen bir ogly bar eýdi. Bu oglan batyr hem pälwan bir yigit bolup ýetişgeç. Geplände il agzyna añk bolardy, ýörände dabanyndan ot çykardy, nagra dartanda daglar titrärdi. Arslan ýürekli Erkin agzybir ilatynyñ sayasynda duşmanlaryna gün bermän, iýenlerini awy, geýenlerini mawy eýläp, gündüzlerini giyjä öwrerdi.
Günlerde bir gün zalym duşmanyñ aksakgallary, molla-müftüleri bir ýere üýşüp, Erkiniñ mähnetinden dynmak üçin kel kellelerini gaşap, agyr oýa batyp, oña duzak gurmagyñ ýollaryny agtarýarlar. Ahyry birisi: "Pars han, sen gyzyñy Erkine berjek diýen bahana bilen ony galaña çagyrt, şo ýerde hem başyny kes, şeýtmeseñ başga alaç ýok" diýýär. Onuñ bu maslahatyny goldan Pars han gaty şat bolýar.
Pars hanyñ näçe ýyldan bäri äre barman oturan, esräp ýören gelşiksiz edrenç, dişleri çüyrän, saçlary düşen ”Jebriýe” diýen garry gyzy bar eýdi, ine, şol gyzy berip, Erkiniñ aýagyny duşaklamagy niýet edinýärler.
Ertesi Pars han dört ýana çapar gönderip, galama-gala sökdürip: "Han owadan gyzyny äre berýär, ol kimi halasa şoña berjek hem-de ol ýigidi öz mirasdüşeri, ýerine patyşa etjek" diýp jar çekdirip, ala galmagal turuzýar. Jebriýäniñ çüýrük dişlerini taýy görülmedik hünji sadaplar bilen bejerdip, saçlaryny atyñ guýrugynyñ gyllary bilen örüp bezeýärler, adyny bolsa ”Farsiýa” üýtgedýärler.
Günlerde bir gün eýdip-beýdip Erkin begi Pars hanyñ galasyna getirýärler. Onuñ aýagynyñ astyna haly düşeýärler. Ýomakçy soýtarlar Erkini öwüp: "Pähäy, bu ýigide kyrk gyz gurban bolmuş" – diýip, ýañsylaýarlar. Erkin galada göwnüniñ islän keýpini edip, iýip-içip geziberýär. Emma ol ýany bilen öz ilinden alyp gelen çöreginden günde bir döwüm iýmegi unutmaýar. Pars hanyñ galasyna gaýtmazdan öñ, Atasy: "Oglum, bu çörek seni hanyñ pis niýetinden gorar, ol saña tükeniksiz hem ýeñilmez güýç berer" – diýenmiş.
Indi habary kimden alaýly, Erkin begiñ ilinden alaýly.
Erkiniñ ýurtdan çykyp gidenini eşiden Ors han derhal Pars hana çapar ýollap, şu mahal bu ýeri talamagyñ amatlydygyny ýatladýar. Ikisi, iki ýandan Erkin begiñ topragyny talap, il-ulusyny gyryp, ýurdy öz aralarynda paýlaşýarlar.
Niýetine ýeten Pars han, begenjinden donuna sygman, uly toy tutup, süñk dosty Ors hany toýa çagyrýar. Oña, aýry-aýry ýurtlardan basyp alan mallaryndan nökerlerine bol-bol serpaý ýapýar.
Ine, Ors han, Pars hanyñ toýuna bu wakanyñ yz ýany goşulyp durşy eýdi. Olar şerap doly bulgurlaryny öz ýeñişleri üçin galdyrýarlar. Ors han, dosty Pars hanyñ toýuna heý-de eli boş gelermi? Ol ýanyndaky kiçiräjik sandykdan henize deñiç görülmedik ajaýyp bir togalak çüýşäni çykarýar-da: "Ine, bu-da menden Farsiýa gyzymyza sowgat" diýýär. Pars hanyñ gözleri ýyldyr-ýyldyr edip, howlugyp elini çüýşä uzadanda, Ors han çaltlyk bilen onuñ elini yzyna itip: "Ýok, jan dost, bu aýylganç howply ýaragdyr, güýçli partlaýjydyr, ony nesip bolsa Erkiniñ ýurduna ýumurtga togalap, ýer bilen ýegsan etjek günümiz ulanarys, onýança töweregiñden syr ýaly sakla" – diýip, berk sargaýar.
Bu arada Pars han hem onuñ aksakgallarydyr molla-müftüleri Erkini öldürjek günlerine, hem-de ony niçik öldürjeklerini maslahatlaşýarlar. Olar Erkiniñ Farsiýanyñ köşgüne barjak gijesi üstüne elleri gylyçly jellatlary ibermegi niýet edýärler. Köşkde jellatlary gizläp goýýarlar.
Gyzyñ saraýyna giren Erkiniñ gözi hyzmatçy çorylaryñ içinde bir gyza düşüp, huşy başyndan uçýar. Ol Farsiýa däl-de hyzmatkär gyza garşy ýöräberýär. Bu gyz türkmen ilinden ýesir alnyp gala getirilen "Aýa sen dogma, men dogdum" diýdiren görkana gyzlardan birisi eýdi. Ol-da Erkinde öz dogduk iliniñ alamatyny görüp tanyşlyk berýär, şol bada-da köşgüñ içinde gizlenip duran jellatlar Erkine garşy topulýarlar. Türkana gyzyñ şeýle owadanlygyndan huşy başyndan giden Erkin onuñ sesine gaýta özüne gelip duşmanlarynyñ üstüne arslan bolup towusýar, köşgi hem galany olaryñ başlaryna ýumurýar, janlaryny jähenneme iberýär. Erkin bilen Türkana gyz weýrana öwrülen galanyñ harabalarynyñ arasynda gezip, Pars hanyñ jan çüýşesini tapyp, ony ýere urup döwýär, şonda öñlerinde uly bir derweze peýda bolup, Erkin, Türkanany Gyratyñ ardyna alyp: "nirdesiñ dogduk ilim? " – diýip ugraberýär.
Erkin şähere girenda ýurtda ençeme üýtgeşikligiñ bolandygyny añýar. Bir topar adamyñ irkilşip, bir gözlerini ýumup, eýlekisinem zordan açyp, ysgynsyz sesler bilen gürleşýändiklerini, añyrrakda bolsa ýene bir toparyñ ownuk zadyñ üstünde bir-birleri bilen ýakalaşyp durandygyny, garawullaryñ bolsa günälini däl-de günäsizi tutup äkidýändigini görüp, gaty geñ galýar. Ençeme ýyllap il gaýgysyndan başga gaýgysy bolmadyk, şonuñ üçinem Gaýgysyz adyny alyp, adyllykda höküm süren han Atasynyñ ýerine bolsa Pañmyrat tagta çykanmyş. Ana, onsoñ Erkin atasynyñ ýanyna baryp nämäniñ nämedigini soranda, Atasy:
"Oglum, birisi Pars hanyñ galasyndan ýyldyrawuk bir çüýşe getirdi, her kim ony aljak bolup janserek boldy, bir-birini öldürmek diýersiñmi, şugullamak diýermisiñ, binamysçylyk diýermisiñ, aý garaz, ýagşylyk ýat bolup, bu ile erbetlik bary ornaşyp gitdi. Olary hernäçe agzybirlige çagyrsamam, meni diñlän bolmady. Iki ýüzli hilegär wezirim Pañmyrat bu ýagdaýdan peýdalanyp, özüne howandar tapmak üçin çüýşeden isläne bir gyýylçak berip, adamlary jadylap başlady, şeýdibem ýurdiñ täç-tagtyna eýe boldy. Indi haçan hem nädip bu tilsimi çözüp, jadylanan halky oýaryp bolarka" - diýip, gözlerinden sil kimin yaş akdyryberdi.
Ýagdaýa göz ýetiren Erkin, garşydaky belent dagyñ üstüne çykyp, şähere seredip, çuñ oýa batdy. Ol, halkynyñ şeýle agyr güne duçar bolandygyna gaty tukat bolup, ýüregi agzyndan çykara gelip, gam derýasyna gark boldy. Ana, onsoñ ruhy teninden uçup, özi-de ullakan bir daşa öwrülip ýatyberenmiş. Mundan günler, aylar, ýyllar ötýär. Köçeden barýan ýaşuly ene-atalar ogrynça: "Hanha seret, Gaygysyz Atamyzyñ ogly Erkin beg dagyñ üstünde otyr" - diýip, balalaryna dagyñ üstünde garalyp görünýän äpet daşy görkezýärler.
Erkin beg bolsa şol ýerden gözi ýaşly, bagry başly öz iline seredip iliniñ çekýän jebir-jepasyna bagryny ýakyp otyr.
Myhmanyň ýürek sesi...
Iň täze habarlar – sahypanyň soňunda ایـنـگ تـازه خـبــرلـر - صـفـحـه نـیـنـگ ســونـگــونــدا
20 September, 2007
JADYLANAN MILLET
Subscribe to:
Post Comments (Atom)
Hat alyşmak üçin özüňize dost ýa pikirdeş tapynyň!
خط آلیشماق اؤچین اؤزینگیزه دوست یا فکردش تاپینینگ
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************
Munuň üçin özüňize gyzykly tema we e-mail adresiňizi ýollaň. Siziň hatyňyzy okap siziň pikirdeşiňiz ýa-da dostlaşmak isleýän size hat ýollar.
مونونگ اؤچین اؤزینگیزه قیزیقلی موضوع و ایمیل آدرسینگزی یوللانگ. سیزینگ خطینگیزی اوقاپ سیزینگ فکردشینگیز یا-دا دوستلاشماق ایسله یان، سیزه خط یوللار
*********************
Taryh, edebiýat we ýaşlar hakda. --> turkmen.ca@gmail.com
*********************
EcoNews RSS Feed
آفتاب
ایرنا: خبرگزاری جمهوری اسلامی
خبرگزاری مــهر
DW-WORLD´s Persian Homepage
BBCPersian.com | صفحه نخست
BBC News | World | UK Edition
CBC | World News
The Globe and Mail - World News
Яндекс.Новости: Главные новости
Rambler Mass Media: Главные новости
Sözlük سـؤزلـؤک
اؤز اویـلانـیـپ تـاپـان تـازه سـوزلـریـنـگـیـزی بـیـزه یـولـلانـگ
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;
Öz oýlanyp tapan täze sözleriňizi bize ýollaň.
**********************************************************
söz .............. düşündiriş ......................... parsça ............ rusça .............. iňlisçe
_______________________________________________________________________________
mysal مثال :
-----------
adam .......... kişi .................................. مرد، نفر، کس ........ человек ............. person
,;
1 comment:
Halklaryň arasynda duşmançylygy köpelmeli däl-de, olary biri-birine golaý etjek bolmaly. Degseň hökümete deg, halklara degmek hünär däl ahyryn!
Post a Comment